SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistandan Russiýa 25-nji uçar gatnawy amala aşyryldy

Türkmenistanyň Türkmenabat şäherinden Russiýanyň Moskwa şäherine 29-njy oktýabrda nobatdaky ýörite uçar gatnawy amala aşyryldy. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi web sahypasynda bellenilip geçilipdir.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, bu gatnaw barada birnäçe gün ozal habar beripdik. Şoňa görä, “Sibir” (S7) awiakompaniýasy tarapyndan Türkmenabat-Moskwa ugry boýunça “8536” belgili uçar gatnawy amala aşyryldy. Bu 25-nji uçar gatnawyndan 176 ýolagçy peýdalandy.

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýakyndan ýardam bermeginde “Sibir” (S7) awiakompaniýasy ýörite uçar gatnawlaryny amala aşyrýar.

Şoňa laýyklykda, şu ýylyň 22-nji oktýabrynda  Türkmenabat-Moskwa ugry boýunça 24-nji uçar gatnawy amala aşyrylypdy. Bu barada hem ozal habar beripdik.

Şeýle hem Russiýanyň “S7” awiakompaniýasy bilen bir hatarda Türkiýäniň “Türkhowaýollary” kompaniýasy tarapyndan hem ýörite gatnawlar amala aşyrylýar. Bu kompaniýa şu ýylyň 27-nji oktýabrynda Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça ýörite uçar gatnawyny amala aşyrdy.

Biz indi rus dilindäki habarlary hem yzygiderli Size ýetirip durýarys we saýtymyzdaky rus dilindäki habarlary okamak ùçin şu ýere basyñ.

Siz biziñ @atavatanturkmen Instagram sahypamyzdan saýtymyza girilen Türkmen dilindäki habarlary okap bilersìñiz.

Rus, Inlis we Türk dilindäki Instgaram habarlarymyz ùçin @atavataninternational hasabymyzy yzarlaň!

Android ulgamynda işleýän Google Plaý marketde hereket edýän Makul Sözlük  Applikasiýasyny” göçürip almak üçin şu ýere basyň!

E-mail salgysy : makulhyzmat@gmail.com

 

“Makul Terjime”  telefony:

+993 63 78 96 73 & : + 993 12 96 48 55

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok, Makul Hyzmat Ofis, 4-nji gat, 401

E-mail salgysy : makulhyzmat@gmail.com

 

29-njy oktýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

66 ýaşynda 10-njy çagasyny dünýä inderdi

Türkıýe – gepleşıklerıñ we gıň gerımlı çärelerıň geçırılýän mekany

Aşgabat-Deli ugry boýunça goşmaça gatnawlar guralar

Türkiýe 2025-nji ýylda syýahatçylykdan 64 milliard dollar girdejä garaşýar

Azerbaýjanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri

Ata Watan Eserleri

Aşgabat-Moskwa rejeli gatnawlaryň togtadylmagy dowam edýär