SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistandan Russiýa 19-njy ýörite uçar gatnawy

Türkmenistanyň Türkmenabat şäherindäki halkara howa menzilinden Russiýanyň Moskwa şäherine nobatdaky ýörite uçar gatnawy amala aşyryldy. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär.

27-nji awgustda Russiýanyň “S7” awiakompaniýasynyň amala aşyran “8536” gatnawy bilen 173 adam Moskwa şäherine gitdi.

Umuman, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan 2020-nji ýylyň martyndan bäri 19-njy ýörite uçar gatnawy amala aşyryldy.

Russiýanyň ilçihanasynyň resmi sahypasyndaky habara görä, Russiýanyň ilçihanasy Türkmenabat-Moskwa ýörite uçar gatnawy üçin Aşgabat-Türkmenabat ugry boýunça hem amala aşyran goşmaça sapary üçin “Türkmenistan” awiakompaniýasyna minnetdarlyk bildirdi.

Russiýanyň “S7” awiakompaniýasy bir hepde öň diýen ýaly, Türkmenistandan Russiýa 18-njy ýörite uçar gatnawyny amala aşyrypdy.

Birnäçe sagat öň habar berşimiz ýaly, “Türkhowaýollary” kompaniýasy hem şu gün Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça ýörite gatnaw amala aşyrýar.

“Türkhowaýollary” kompaniýasy häzire çenli 20-den gowrak ýörite gatnawlary şeýle hem beýleki kompaniýalaryň buýruklary esasynda gatnawlary amala aşyrdy. Ýakynda ýene bir ýörite uçar gatnawynyň bolmagyna garaşylýar. Bu barada anyk maglumatlary alan ýagdaýymyzda gyzgyny bilen Size ýetireris.

Siz halkara uçar gatnawlary baradaky we beýleki habarlary gyzgyny bilen okamak üçin “Google Plaý Marketden” şu ýere basyp “Atavatan APP” Applikasiýasyny ýükläp alyň!

Biz indi rus dilindäki habarlary hem yzygiderli Size ýetirip durýarys we saýtymyzdaky rus dilindäki habarlary okamak ùçin şu ýere basyñ.

Siz biziñ @atavatanturkmen Instagram sahypamyzdan saýtymyza girilen Türkmen dilindäki habarlary okap bilersìñiz.

Rus, Inlis we Türk dilindäki Instgaram habarlarymyz ùçin @atavataninternational hasabymyzy yzarlaň!

Android ulgamynda işleýän Google Plaý marketde hereket edýän Makul Sözlük  Applikasiýasyny” göçürip almak üçin şu ýere basyň!

 

“Makul Terjime”  telefony:

+993 63 78 96 73 & : + 993 12 96 48 55

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok, Makul Hyzmat Ofis, 4-nji gat, 401

E-mail salgysy : makulhyzmat@gmail.com

THY: Stambul-Türkmenbaşy-Stambul boýunça ýörite uçar gatnawy

HALKARA OKUW: SORAGLAR WE JOGAPLAR

 

TÜRKIÝÄNIŇ BILIM GEŇEŞLIGI:RESMINAMALARDA ONLAÝN NOBAT

 

 

Ýene-de okaň

Hytaý emeli adada dünýäniň iň uly howa menzilini gurar

Türkmenistanyň raýatlarynyň dykgatyna: Türkiýäniň wizasy üçin täze bildiriş

Türkmenistan bilen Gazagystan uçar gatnawlaryny täzeden ýola goýmagy meýilleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde çagalaryň 985-sine dikeldiş bejergisi geçirildi

Kolosseýde Göbekli depe Artefaktlaryna bagyşlanan sergi açyldy

Awiasiýa howpsuzlygy üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy taýýarlandy