JEMGYÝET

Türkmenistandan dünýä ýalkym saçan akyldarlar: Ibn Sina we Al-Biruni

Olar bir şäherde, bir döwürde ýaşadylar we bilelikde dünýä ýalkym saçan akyldarlar bolup, aradan müň ýyl geçendigine garamazdan, “Döwrüniň akyldarlary” ady bilen “Oxford University Press” tarapyndan neşir edilen kitap arkaly türkmen topragyny dünýä täzeden tanadýarlar.
Gürrüň, elbetde, Abu Aly ibn Sina we Abu Reýhan Al-Biruni barada barýar. Amerikaly professor Frederik Staryň täze çykan “The Genius of Their Age: Ibn Sina, Biruni, and the Lost Enlightenment” atly kitaby, belki-de köp adamyň bilmeýän we az sanly alymlaryň hem unudan hakykatyny täzeden gün ýüzüne çykarýar: keramatly türkmen topragy – alymlar ojagy bolupdyr.
Kitap barada köp zat aýdyp bolar, emma gysgaça käbir faktlara ýüzlenmezden öň, şunu belläp geçesim gelýär: Biz taryhymyza diňe guwanmaly däl, eýsem, nusga hem almaly!
Kitapda bellenilişi ýaly, bu iki akyldar häzirki Türkmenistan, Özbegistan, Owganystan, Eýran Yslam Respublikasy we Pakistanyň çäklerinde ýaşapdyrlar. 993-nji ýylda, ýagny mundan müň ýyldan gowrak ozal, Horezmde täze dinastiýa hökümeti ele geçirýär. Mamun maşgalasy paýtagty Kat şäherinden Ürgenje — häzirki Türkmenistanyň çägindäki Köneürgenje göçürýär.
Abu Ali Mamun Bagdatdan Horezmiň şasy derejesini alýar. Onuň ogly Abul Abbas Mamun we weziri Abul Hüseýn es-Suhaýl köşge döwriň iň akyldarlaryny çekip başlaýarlar. Şol döwürde belli lukmancylyk alymy we akyldar, Hazar sebitinden gelen hristian Abu Sehl el-Mesih eýýäm Gürgençdedi we onuň şol ýerde galmagy üpjün edilýär.
Gelejekde Ibn Sinanyň we Biruniniň iň ýakyn dosty boljak Mesih şol döwürde ýer şarynyň hereket edýändigi ýa-da hereket etmeýändigi baradaky soraga jogap gözleýän kitap ýazypdyr, sebäbi ol döwürde dünýäniň hereket etmeýändigine ynanylýardy. Bu tema boýunça soň Biruni hem ylmy işler alyp barýar.
“İkinji Hipokrat” lakamly Hasan bin Suýar bin el-Hammar hem şol döwürde Ürgenje çagyrylan akyldarlardandyr. Şeýle hem hekim we pelsepe, terjime eden kitaby müň ýyl dowamynda farmakologiýa ulgamynda ulanylan Abu Abdullah en-Natili hem Ürgenje çagyrylan alymlaryň biridir. Bu akyldar Ibn Sinanyň kakasy tarapyndan çagalaryna bilim bermek üçin öýlerine hem çagyrylýar.
Şu ýerde ýatlamak gerek: Ibn Sinanyň kakasy, ogullaryna dünýä derejesinde bilim bermek üçin, Buhara göçýärdi. Mundan müň ýyl ozal, bir ata çagalaryna ýokary hilli bilim bermek maksady bilen, şol döwrüň ylmy merkezi bolan Buhara göçýär! Kitapdaky täsirli setirleriň biri hem şudur: Ol döwürde köşkde şahyrlar hem bardy, emma akyldarlaryň täsiri has ýokarydy.
Horezm şasy Mamun, döwrüň iň zehinli ogly bolan Birunini köşge gönüden-göni özi çagyrypdyr. Öň yslam hukugy ugrunda bilim alan Ibn Sina hem Ürgenje çakylyk alýar we oňa döwletiň hukuk işlerini dolandyrmak wezipesi berilýär. Ol 1004-nji ýylda Ürgenje gelýär.
Awtoryň belleýşi ýaly, bu irki Renessans döwrüni we täsiri boýunça Yslam dünýäsiniň iň gündogar künjeginde ýüze çykypdyr we Ýewropadaky Renessans döwründen 500 ýyl öň emele gelipdir. Hatda käbir ugurlarda Ýewropa Renessansdan hem ýokary derejesine ýetipdir.
Awtoryň bellemegine görä, 1017-nji ýyla çenli Gürgenç, Orta Aziýanyň intellektual kämilligiň global nyşanyna öwrülýär.
Eýsem bu iki akyldar haýsy ýyllarda bilelikde bir şäherde ýaşapdyr?
Kitapda bellenilişi ýaly, Biruni 997–1017-nji ýyllar aralygynda, Ibn Sina bolsa 1004–1011-nji ýyllar aralygynda Ürgençde ýaşaýar. Başgaça aýdylanda, bu iki akyldar 7 ýyl dowam eden döwürde bir şäherde — häzirki Köneürgenjiň topraklarynda — dünýä ylmyna öçmejek yz goýýarlar.
Elbetde, kitapda olaryň üstünlikleri, ylmy işleri we beýleki möhüm maglumatlar giňden beýan edilýär. Olar bilen gyzyklanýan okyjy ähli maglumatlary kitabynyň sahypalaryndan tapyp biler. Kitap “Amazon”-da satylýar.
Meniň pikirimçe, bu kitap gysga wagtda türkmen diline terjime edilmeli.
Esasy zat — türkmen alymlarymyz bu eseri hem-de şu ugurdaky beýleki ylmy çeşmeleri içgin öwrenip, Türkmen topragynda gazanylan taryhy üstünlikleri dünýä ýaýratmaly!
Ata-babalarymyz bu beýik üstünlikleri gazanmak bilen, häzirki nesle hem şeýle derejelere ýetip bolýandygyny görkezip gidipdirler.
Taýýarlan:
Dr. Döwran Orazgylyjow,
“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň esaslandyryjysy we baş redaktory.

Ýene-de okaň

 “CIET 2025”: Arkadag şäheri halkara derejesinde ýokary baha aldy

Awazada “CIET 2025” halkara sergisi we maslahaty başlady

Türkmenistan Gazagystan serhedine çenli awtomobil ýoluny gurar

Ata Watan Eserleri

Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsi ulanmaga berildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenbaşy etrabynda täze karbamid zawodynyň düýbüni tutdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi