SPORT

Türkmenistandaky futbol ýaryşlary soňa süýşürildi

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy ýakyn günlerde meýilleşdirilýän ähli resmi duşuşyklary näbelli möhletde soňa süýşürdi. Has takygy, şu aýda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 3-nji aýlawynyň we Kubok ýaryşynyň başlanmagyna hem-de Naýbaşy kubok ugrundaky duşuşygyň geçirilmegine garaşylýardy.

Federsiýa resmi saýtynda duşuşyklaryň täze seneleri barada gysga wagtda habar beriljekdigini ýazdy.

Iki aýlawy yzda galan Türkmenistanyň çempionatynda 14 duşuşykda 33 utuk toplan «Altyn asyr» birinji orunda barýar. Dört aýlawdan ybarat ýaryşyň ýeňijisi 2021-nji ýylda AFK-nyň Çempionlar ligasyna gatnaşmaga hukuk gazanar. Milli futbol çempionatymyzda 8 toparyň ýaryşýandygyny ýatladýarys.

Şu ýyl Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşa hem şol 8 topar gatnaşar. Kubogy eýelän topar indiki ýyl AFK-nyň kubogynyň toparçalaýyn tapgyrynda çykyş etmäge hukuk gazanar.

Türkmenistanyň Naýbaşy kubogy ugrundaky duşuşykda bolsa ýurdumyzyň geçen ýylky çempiony hem-de Kubogyň eýesi «Altyn asyr» bilen futbol çempionaty ikinji hatarda tamamlan «Ahal» toparlary duşuşarlar.

Ýene-de okaň

«Arkadag» topary AFK-2 Çempionlar ligasynda «Al-Ahli» bilen deňme-deň oýnady

Durant NBA taryhyndaky iň köp hak alýan basketbolçy bolar

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň başlygy FIFA-nyň Tehniki ösüş komitetiniň agzalyga saýlandy

Futbol boýunça dünýä çempionaty üçin 1 milliondan gowrak bilet satyldy

Ata Watan Eserleri

Ronaldo dünýäde iň köp hak alýan futbolçy boldy

Aziýanyň tennis federasiýasy Türkmenistanda tennisiň ösüşine ýokary baha berdi