JEMGYÝET

Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň mejlisler jaýynda hormatly Prezidentimiziň gol çeken ynsanperwer Kararyna laýyklykda, ýurdumyzda ýaşaýan daşary ýurt raýatlaryna Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi.

Dabaranyň dowamynda bellenişi ýaly, ynsanperwer ugur ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, adam jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygydyr. Şunuň bilen baglylykda, milli kanunçylygymyz we halkara kadalar esasynda ýurdumyzda ýaşaýan ähli adamlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny, bähbitlerini goramak we kepillendirmek üçin uly işler durmuşa geçirilýär.

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň 34 ýyllyk şanly toýuny toýlaýan günlerimizde 142 sany daşary ýurt raýatlaryna Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalaryň berilmegi asylly ynsanperwer işleriň hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda yzygiderli we üstünlikli dowam etdirilýändigini äşgär edýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti tebigy gazyň eksport möçberini artdyrmagy tabşyrdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen döwlet maliýe institutyna täze rektor bellendi

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna täze rektor bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň Baştutanyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär