SPORT

Türkmenistanda “VAR” ulgamy boýunça halkara okuw-maslahaty badalga aldy

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasy (MAFA) bilen bilelikde guramagynda VAR (Video Assistant Referee) ulgamyny giňişleýin özleşdirmek bilen bagly halkara okuw-maslahaty geçirilýär.

Paýtagtymyzyň “Aşgabat” köpugurly stadionynda badalga alan bu okuw-maslahata ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan hem-de Aşgabat şäherinden ýerli eminleriň 30 töweregi gatnaşýar. Okuw-maslahaty 8-nji fewrala çenli dowam eder.

Okuw-maslahatyny WAR ulgamy boýunça MAFA-nyň instruktory, Özbegistan Respublikasynyň wekili Jahangir Saidow alyp barýar. Oňa bu ugurda ýerli instruktorlar Kakabaý Seýdow we Çarymyrat Gurbanow kömekleşýärler.

Gatnaşyjylar günüň birinji ýarymynda “Aşgabat” stadionynyň mejlisler zalynda geçirilýän nazaryýet sapaklaryna gatnaşýarlar. Sapaklaryň dowamynda WAR ulgamynyň işleýşi, wideoýazgylaryň üsti bilen oýun pursatlarynyň seljermesi, meýdanda ýüze çykýan ýagdaýlara laýyklykda kabul edilýän çözgütler, şeýle-de oýun wagty WAR ulgamynda işleýän eminleriň aýratynlykda alyp barýan işleriniň seljermesi giňişleýin öwrenilýär.

Günüň ikinji ýarymynda guralýan tejribe sapaklarynda bolsa nazaryýetde öwrenilen mysallar meýdanda amaly taýdan özleşdirilýär.

WAR ulgamy boýunça geçirilýän bu okuw-maslahatyň üç tapgyrdan ybarat boljakdygyny bellemek gerek. Häzirki wagtda geçirilýän birinji tapgyryny üstünlikli tamamlan eminlerimiz şu ýylyň tomus aýlarynda geçiriljek ikinji tapgyra gatnaşmaga mümkinçilik alarlar. Okuw-maslahatynyň üçünji tapgyryny bolsa ýylyň ahyrynda geçirmek meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Eminler bölüminiň başlygy Çarymyrat Gurbanowyň bellemegine görä, okuw-maslahatyny üstünlikli tamamlan eminlerimiz geljekde WAR ulgamy ulanylyp geçirilýän halkara derejeli duşuşyklara gatnaşmaga mümkinçilik alarlar.

Ýene-de okaň

Meşhur rus küştçisi Sergeý Karýakiniň Türkmenistanda küşt kluby açylar

Ata Watan Eserleri

Läle Şöhradowa Türkmenistanyň çempionatynyň ýeňijisi boldy

Ýaş eminler üçin okuw-maslahatyna badalga berildi

Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň bijesi: “Real” topary “Mançester Siti” bilen duşuşar

FIFA Dünýä Kubogy 2026: ABŞ wizasyny almaly tomaşaçylar üçin FIFA PASS işe girizildi

Ronaldo Ispaniýanyň “Almeriýa” futbol klubynyň paýnamalaryny satyn aldy

Ata Watan Eserleri