JEMGYÝET

Türkmenistanda tehnologiýaly önümçilik pudaklary dörediler

Milli Liderimiz Halk Maslatynyň mejlisindäki taryhy çykyşynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini mundan beýläk-de ösdürmek üçin amala aşyrylmaly zerur işler barada durup geçdi.

Hususan-da, olar şeýle:

— ykdysadyýetiň pudaklaryny düýpli diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ýokary we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalara esaslanýan gaýtadan işleýän önümçilik pudaklaryny ösdürmäge ýardam etmek;

— döwlet emlägini dolandyrmagyň görnüşlerini we usullaryny düýpli gowulandyrmak;

— ylym-bilim edaralarynda milli maýa goýum ulgamyny döretmek, aň-bilim işine gyzyklanmany ýokarlandyrmak, ylmyň we bilimiň gazananlary esasynda tehnologik açyşlary amala aşyrmak arkaly eýeçiligiň dürli görnüşlerini giňeltmek;

— ýurdumyzyň eksport kuwwatyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň hasabyna daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak;

— täze iş orunlaryny, şol sanda ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz pudagynda täze iş orunlaryny döretmek, hünärmenleri taýýarlamagy kämilleşdirmek esasynda ilatyň iş bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmak;

— ilatyň hakyky pul girdejileriniň yzygiderli artmagyny üpjün etmek, işgärleriň zähmet işjeňligini höweslendirmegiň möhüm serişdesi hökmünde ilatyň esasy girdejileri bolan zähmet haklarynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagyny gazanmak;

— kömege mätäç adamlara salgylaýyn ýardam bermek, ýeňillikler ulgamyny oýlanyşykly işläp taýýarlamak, durmuş hyzmatlarynyň hilini gowulandyrmak esasynda olaryň durmuş taýdan goraglylygyny ýokarlandyrmak;

— ekologik taýdan arassa önümleri öndürmek üçin ykdysady şertleri döretmek we önümçilikleri höweslendirmek arkaly daşky gurşawyň howpsuzlygyny yzygiderli üpjün etmek.

 

Halk Maslahaty: ykdysady ösüşler sanlarda

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidentiniň Brýussele boljak saparyna taýýarlyk görülýär

«Arkadag» topary Al-Nasr» toparyna garşy duşuşyga taýýar

Türkmenistanyň Prezidenti diplomatlary hünär baýramy bilen gutlady

«Galkynyş» toparynyň Balkan topragyndaky çykyşlary

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady

Türkmenistanyň Prezidentine Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň sylagy gowşuryldy