JEMGYÝET

Türkmenistanda Täze ýylyň ilkinji bäbegine “Parahat” diýlip at goýuldy

Düýn Arkadag şäherindäki Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinden täze ýylyň ilkinji buşluk habary gelip gowuşdy. Bu ýerde ýurdumyz boýunça Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ilkinji çaga dünýä indi. Asylly däbe eýerip, oglanjyga onuň ata-enesi täze ýylyň ruhuna, şygaryna laýyk Parahat diýip at goýdular.

Parahatçylygyň, abadançylygyň, rowaçlygyň, bagtyň nyşany bolan akja bäbek, Atageldiýewleriň agzybir maşgalasy bilen birlikde, täze şäheriň ilatynyň, ol ýerdäki ähli lukmanlaryň baýramçylyk şatlygyny artdyryp, öz ady bilen bile dünýä indi.

Uly ruhubelentlik, ajaýyp arzuw-umytlar bilen gadam basylan 2025-nji ýylyň ilkinji minutlarynda Arkadag şäheriniň bagtyýar ýaşaýjylary — öý hojalykçy Orazjahan hem-de mekdep mugallymy Ýazmergen Atageldiýewleriň ikinji ogul perzende gözi düşdi.

Lukmanlaryň aýtmagyna görä, Arkadag şäherindäki şeýle döwrebap merkezleriň birinde dünýä inen Parahatjyk sagdyn doguldy. Onuň agramy 4100 gram, boýy bolsa 54 santimetr. Bäbejige we onuň ejesine lukmanlardyr şepagat uýalary tarapyndan ähli degişli gözegçilik işleri öz wagtynda geçirilýär.

Orazjahan hem-de Ýazmergen Atageldiýewler öz perzentlerini ata Watanymyza, il-günümize wepaly, döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşlerine mynasyp goşant goşjak ilhalar ogullar edip terbiýeläp ýetişdirjekdiklerine ynandyrýarlar.

Ýeri gelende bellesek, geçen ýyl hem ýurdumyzda ilkinji çaga Arkadag şäherinde dünýä inipdi.

Ýene-de okaň

Gazak Lideri Aşgabatdaky halkara foruma gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

«Ýylyň zenany» atly bäsleşigiň jemi jemlenildi

Şu gün Türkmenistanyň tebigy gazy Türkiýä barar

Türkiýäniň Prezidenti Aşgabatdaky halkara foruma çagyryldy

“Türkmengaz”-“QazaqGaz”: tebigy gazy import etmek we bilelikdäki taslamalar maslahatlaşyldy

Özbegistanyň Prezidentinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty