JEMGYÝET

Türkmenistanda täze saglyk merkezleriniň düýbi tutular

Türkmenistan döwletimizde täze saglyk merkezlerini gurmak babatda täze taslamalar durmuşa geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynda belledi.

– Halkymyzyň saglygy, abadan we bagtyýar durmuşy biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň möhüm ugry bolup durýar. Saglygy goraýyş ulgamynda halkymyza dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary hödürlenilýär. Häzirki wagtda paýtagtymyzda Halkara pediatriýa, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezleriniň, Stomatologiýa merkeziniň gurluşygy ýokary depginde dowam edýär. Şeýle hem Arçman şypahanasynda goşmaça 400 orunlyk binalar toplumynyň gurluşygy alnyp barylýar, diýip hormatly Prezidentimiz belledi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymy ýakyn wagtda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň köpugurly hassahanasynyň, Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň täze binalar toplumynyň, paýtagtymyzda köpugurly hassahananyň, Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde köpugurly hassahananyň düýbüni tutmagy meýilleşdirýändigini aýtdy.

Mundan başga-da, Mary, Balkan we Lebap welaýatlarynda halkara derejeli onkologiýa merkezlerini, Daşoguz welaýatynda Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezini gurmagy göz öňünde tutulýandygyny bellän hormatly Prezidentimiz bu işleriň ählisi milli saglygy goraýyş ulgamyna keselleriň öňüni almak, anyklamak, bejermek boýunça öňdebaryjy tejribeleriň giňden ornaşdyrylýandygyny görkezýändigini belläp geçdi.

Ýene-de okaň

Hytaýyň tejribeli lukmanlary Türkmenistana sapar bilen geler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti tebigy gazyň eksport möçberini artdyrmagy tabşyrdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen döwlet maliýe institutyna täze rektor bellendi

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna täze rektor bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň Baştutanyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler