JEMGYÝET

Türkmenistanda täze saglygy goraýyş merkezleri gurlar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň welaýatlarynda gurulmagy meýilleşdirilýän saglygy goraýyş maksatly desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy, şeýle hem iş maslahatyny geçirdi.

Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň günorta künjegine geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz mähirli garşylanyldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurulmagy meýilleşdirilýän saglygy goraýyş maksatly desgalaryň, şol sanda Aşgabat şäherinde 500 orunlyk köpugurly hassahananyň, Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde 300 orunlyk köpugurly hassahananyň, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde 400 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň, şeýle-de Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynda saglyk öýüniň şekil taslamalary we olaryň ýerleşjek ýeriniň çyzgylary barada hasabat berdi.

Bu täze guruljak saglygy goraýyş desgalary ýurdumyzyň lukmançylyk edaralarynyň üstüni ýetirip, olar dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylar we halkymyza halkara ölçeglere laýyk gelýän lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen kabul edilen “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde milli saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatda amala aşyrylýan işleriň nobatdaky beýanyna öwrüler.

Hormatly Prezidentimiz ähli binalarda bolşy ýaly, paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda gurulmagy meýilleşdirilýän täze saglygy goraýyş desgalarynyň gurluşyk işlerinde-de ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň, olaryň öz wagtynda ulanmaga tabşyrylmagynyň möhümdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna seredildi we käbir beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns berilýändigini, raýatlarymyzyň saglygyny goramak boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi hem-de «Saglyk» Döwlet maksatnamasy esasynda Diýarymyzyň ähli künjeklerinde köp sanly halkara saglyk merkezleriniň, döwrebap hassahanalaryň, saglyk öýleriniň gurlup ulanmaga berilýändigini aýtdy. 10-njy oktýabrda ýurdumyzda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni giňden bellenip geçiler. Şu mynasybetli köp sanly möhüm ähmiýetli çäreler, şol sanda halkara çäreler geçiriler. Saglygy goraýyş desgalary açylyp ulanmaga berler. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz düýbi tutuljak saglygy goraýyş maksatly desgalaryň hem saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigini belledi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 9 aýda 6.3 göterim ösüş gazanyldy

Türkmenistanda täze döredilen etraplara täze häkimler bellendi

Türkmenistanda täze döredilen etraplara ýolbaşçylar bellendi

Türkiýäniň Prezidenti Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününi gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde täze taslamalar bilen tanyşdy

Türkmenistanyň käbir etraplarynda täze kazyýet we prokuratura edaralary döredildi