Türkmenistanda 2025-nji ýylda ýurdumyzda syýahatçylyk kärhanalarynyň sany artyp, 250-ä golaýlady. Olar Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan berlen ýörite ygtyýarnamalara laýyklykda, özleriniň syýahatçylyk hyzmatlaryny hödürleýärler. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde habar berilýär.
Syýahatçylyk kärhanalarynyň sanynyň artmagy bilen, hyzmatlaryň hili ýokarlanýar, şol bir wagtda ýurdumyza gelýän syýahatçylaryň sany-da artýar. Geçen ýyl Diýarymyza dünýäniň jemi 100-den gowrak ýurdundan syýahatçylar geldiler, ýurdumyzyň raýatlary bolsa dünýäniň 40-a golaý ýurduna syýahat etdiler.
Dürli derejeli myhmanhanalaryň gurlup ulanmaga berilmegi, orta we ýokary bilimli hünärmenleriň taýýarlanylmagy hem syýahatçylygyň ösmegine uly täsir edýär. Çünki syýahatçylyk — bu hyzmatlar ulgamydyr.
Hyzmatlaryň hiliniň ýokary bolmagy, syýahatçylygyň giň mümkinçilikli infrastrukturasynyň döredilmegi, amatly howa gatnawlarynyň açylmagy, iýmitlendiriş hyzmatlarynyň we dürli tagamlaryň taýýarlanylmagy hem syýahatçylaryň köpelmegine täsir edýär. Biziň ýurdumyzda bu şertleriň ählisi döredilendir.
2025-nji ýylda Bütindünýä syýahatçylyk guramasy tarapyndan guralan dürli maslahatlara, esasan-da, Baku şäherinde Ýewropa sebiti üçin komissiýanyň 71-nji mejlisine, Er-Riýad şäherinde BSG-niň Baş Assambleýasynyň 26-njy mejlisine, Brýussel şäherinde Ählumumy syýahat forumynyň mejlisine, syýahatçylyga maýa goýum boýunça Duşenbe ählumumy forumyna gatnaşyldy.
Bu halkara çärelere türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagy we olarda ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçilikleriniň mahabatlandyrylmagy Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen, syýahat etmek üçin iň bir amatly we howpsuz ýurtlaryň biri bolan jahankeşdelerde hem-de syýahaty guraýan kompaniýalarda Watanymyza uly gyzyklanma döredýär.
