SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmäge bagyşlanan maslahat geçirilýär

Aşgabatdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahat öz işine başlady. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa, Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň Baş sekretary Zurab Pololikaşwili, ýurdumyzyň medeniýet ministri A.Şamyradow, daşary ýurtlardan we ýurdumyzdan syýahatçylyk guramalarynyň we kärhanalarynyň wekilleri, köp sanly myhmanlar, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň başynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Gutlagda Garaşsyz döwletimiziň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasy, Syýahatçylyk şäherleriniň bütindünýä federasiýasy, daşary ýurtlaryň syýahatçylyk kärhanalary bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygy barha kämilleşdirýändigi bellenilýär.

Myhmanhananyň girelgesinde ýurdumyzda iş alyp barýan syýahatçylyk kärhanalarynyň diwarlyklary ýerleşdirilipdir. Şeýle hem bu ýerde dürli sowgatlyklary, el işlerini taýýarlaýan türkmen senetçileriniň özboluşly önümlerini görmek bolýar. Myhmanlar bu ýerde ýurdumyzyň taryhy we tebigy gözellikleri, ol ýerlere guralýan syýahatlar bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.


Maslahatda çykyş edenler, ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçiliklerine ýokary baha berip, bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň ähmiýetine ünsi çekdiler.
Maslahatda Koreýa Respublikasyndan, Hytaýdan, Gruziýadan, Azerbaýjandan, Russiýadan we beýleki ýurtlardan bu ugurda iş alyp barýan kärhanalaryň wekilleri çykyş etdiler.

Ýene-de okaň

Üstünlikler, tejribeler, hyzmatdaşlyk…

«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabyň XVII jildi tanyşdyryldy

Mary welaýat inçekesel hassahanasy açyldy

Aşgabatda täze, döwrebap saglyk öýi açyldy

Ýurdumyzda täze saglygy goraýyş desgalarynyň düýbi tutuldy

“Şadyýan gurluşyk” hojalyk jemgyýeti Tejen we Daşoguz şäherlerinde saglyk merkezlerini gurar