Türkmenistanyň awtomobil mekdeplerinde sürüjilik okuwlaryny geçýänleriň sany günsaýyn artýar. Bu babatdaky netijeleri «Türkmenawtoulaglary» agentligi tarapyndan ýetirilýän maglumatlardan hem görmek bolýar. Oňa laýyklykda, bu okuwlarda 2021-nji ýylyň dowamynda umumylykda 27 müňden gowrak raýat okuw geçdi. Bu barada agentligiň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.
Awtomobil mekdepleriniň birleşigi 1996-njy ýylda döredildi. 2020-nji ýylda bolsa bu ugurdaky başlangyçlar bilen Aşgabat — Daşoguz ýolunyň ugrunda okuw merkeziniň täze binasy gurlup ulanylmaga berildi. Täze mekdebiň umumy meýdany 100 380 inedördül metr bolup, onuň çäginde 52 sany ulagy ýerleşdirmek üçin duralga üpjün edildi. Okuw sapaklary bolsa binanyň 14 sany okuw otaglarynda alnyp barylýar.
Häzirki wagtda ýurt boýunça Awtomobil mekdepleriniň birleşigine degişli jemi 39 sany awtoulag mekdebi bar. Olardan Aşgabat şäherinde 3-üsi, Ahal welaýatynda 6-sy, Balkan welaýatynda 6-sy, Daşoguz welaýatynda 5-isi, Lebap welaýatynda 8-isi we Mary welaýatynda hem 11 sanysy bardyr.
Türkmenistanyň Awtomobil mekdepleriniň birleşiginde ýurduň kämillik ýaşyna ýeten, şeýle-de saglyk ýagdaýy oňat we psihiatrda hem-de narkologda hasapda durmaýan raýatlary okuwlary geçip biler. Ýeri gelende bu okuw mekdeplerinde Türkmenistanyň raýatlygy bolmadyk adamlaryň (Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşaýan), şeýle-de gepläp bilmeýän we eşidişi pes bolan raýatlaryň hem okap bilýändigini bellemek gerek.