DÜNÝÄ

Türkmenistanda saýlawlara taýýarlyk işleri işjeň tapgyrda dowam edýär

Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna hem-de ygtyýarlyk  möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçiriljek saýlawlaryna taýýarlyk işleri batly depginlerde dowam edýär.

Milli saýlaw kanunçylygyna we tassyklanylan degişli meýilnama laýyklykda, ýurdumyzda geçiriljek saýlawlaryň esasy tapgyrlarynyň biri bolan dalaşgärleri hödürlemek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasyndan, Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan, Agrar partiýasyndan, şeýle hem raýat toparlaryndan dalaşgärleri hödürlemeklige bagyşlanan mejlisler, ýygnaklar guramaçylykly geçirilýär. Olaryň dowamynda iň mynasyp wekiller ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasyna, ýerli wekilçilikli hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna dalaşgärlige hödürlenilýär.

Hödürlenilýän dalaşgärleriň ilat arasynda hormatlanýan, zähmetsöýer adamlardygyny, olaryň arasynda milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda işleýän köp sanly tejribeli hünärmenleriň bardygyny bellemek gerek.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, hödürlenýänleriň çäklendirilmedik sany ara alnyp maslahatlaşylyp bilner. Her bir saýlaw okrugyna bir orun üçin birnäçe dalaşgär hödürlenýär, bu bolsa saýlawlaryň giň bäsleşik esasynda geçiriljekdigini subut edýär.

2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçiriljek saýlawlaryň aýanlyk şertlerini üpjün etmek maksady bilen, häzirki wagta çenli Türkmenistanyň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň wekillerinden ybarat bolan milli synçylaryň jemi 624-si bellige alyndy.

Ýene-de okaň

Şalwa Papuaşwili: Türkmenistan bilen ulag geçelgeleri boýunça hyzmatdaşlyga taýýardyrys

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-BAE işewürler forumyny Aşgabatda geçirmek maslahatlaşyldy

Türkmenistan-Zimbabwe: syýasy geňeşmeler geçirildi

Türkmenistanyň üýtgeşik tebigy desgalary ÝUNESKO-nyň halkara maksatnamalaryna giriziler

Türkmenistanyň Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýanyndaky täze Hemişelik wekili wezipesine girişdi

Türkmenistan-Hindistan: atçylyk pudagyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri