SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistanda saglygy goraýyş boýunça XI Türkmen-German forumy geçiriler

20-njy oktýabrda Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer N.Amannepesow saglygy goraýyş boýunça XI Türkmen-German forumyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyz köp ýyllaryň dowamynda dünýäniň, şol sanda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň öňdebaryjy lukmançylyk merkezleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edip gelýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Saglygy goraýyş ministrliginiň arasynda saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Maksimillian-Lýudwig adyndaky Mýunhen uniwersitetiniň Groshadern klinikasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Ylalaşyk üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Döwlet Baştutanymyz XI Türkmen-German forumyny ýokary derejede we guramaçylykly geçirmäge talabalaýyk taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar

«ITB BERLIN – 2026» halkara sergisinde Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Daşary ýurt awiakompaniýalary Türkmenistanyň üsti bilen üstaşyr gatnawlary artdyrýarlar