DÜNÝÄ

Türkmenistanda Özbegistanyň kino günleri geçirilýär

Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçisi Ýa.Mämmedow Özbegistanyň kinematografiýa Agentliginiň direktorynyň orunbasary Ş.Rizaýew bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşykda taraplar kinematografiýa ulgamynda türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri barada özara pikir alyşdylar we 2023-nji ýylyň maýynda Türkmenistanda Özbegistanyň kino günlerini geçirmek barada pikir alyşyldy. Özbek tarapy agzalan çäräniň geçirilmegini doly goldaýandygyny mälim edip, onuň Aşgabat şäherinde we türkmen-özbek serhetýaka welaýatlaryň merkezlerinde özbek kinomatograflaryň we meşhur artistleriň gatnaşmagynda geçirilmegine mümkinçilik döredilse maksadalaýyk boljakdygyny mälim etdi.

XV Daşkent kinofestiwalyna türkmen tarapy çagyryldy

Şeýle hem, duşuşygyň dowamynda özbek tarapy 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda XV Daşkent kinofestiwalynyň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigi hem-de türkmen wekiliýetiniň çagyrylýandygy barada belläp, festiwalyň çäklerinde Türkmenistanyň kino günlerini geçirmegiň göz öňünde tutulýandygy barada habar berdi.

Şeýle-de, 2024-nji ýylda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 300-ýyllyk ýubileýiniň bellenýändigini nazara tutyp, bu beýik şahsyýetiň ömri we döredijiligi, Hywada we Buharada okan hem-de ýaşan döwürleri barada bilelikde dokumental we çeper filmleriň döredilmeginiň barada pikir alyşyldy.

Mundan başga-da, türkmen tarapy Arkadag şäheriniň gurluşyk aýratynlyklary barada gürrüň berip, ýakyn wagtlarda bu şäheriň açylyşyny uly dabara bilen geçirmegi meýilleşdirilýändigi barada habar berdi hem-de özbek tarapyny bu dabaraly çärä gatnaşmaga çagyrdy.

Ýene-de okaň

Täze Zelandiýada ahalteke atlaryny ösdürmek ýetişdirmekde tagallalar edilýär

Yragyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň wekili bilen duşuşyk

Günorta Koreýanyň täze ilçisi Türkmenistana geldi

Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalary sport çärelerini gurnadylar

“Owganystan-Merkezi Aziýa” konsultatiw duşuşygy geçiriler

Türkmenistan 3 aýda 520 sany halkara duşuşyklaryny geçirdi