JEMGYÝET

Türkmenistanda Owganystanyň önümleriniň sergisi geçiriler

Şu ýylyň 23-27-nji fewraly aralygynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda Owganystanyň önümleriniň sergisi hem-de işewürler maslahaty geçiriler. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Owganystanyň önümleriniň sergisine hem-de işewürler maslahatyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew şu ýylyň 23-27-nji fewraly aralygynda geçirilmegi meýilleşdirilen bu çärelere goňşy ýurduň haryt öndüriji kompaniýalarynyň hem-de Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýän işewürleriň gatnaşmagynyň göz öňünde tutulýandygyny belledi.

Şeýle hem serginiň we işewürler maslahatynyň çäklerinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek, ýurdumyzda öndürilýän önümleri Owganystana eksport etmek baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.

Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň 3 — 5-nji marty aralygynda Aşgabat şäherindäki Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda owgan harytlarynyň sergisi we Türkmen-owgan işewürlik maslahaty ýokary derejede geçirilipdi. Oňa Owganystanyň senagat we söwda ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Alhaj Nuruddin Aziziniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşypdy.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri: ählumumy “Energetika kodeksini” işläp taýýarlamagy teklip etdi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy: Ýakyn Gündogardaky gapma-garşylygyň giňelmegini goldamaýarys

Türkmen halkynyň Milli Lideri Awstriýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Rafael Grossi bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Ýakyn Gündogardaky ýagdaýlar sebite ýaramaz täsirini ýetirýär

Ata Watan Eserleri

Seulda «Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy» birinji Sammitine taýýarlyk görülýär