JEMGYÝET

Türkmenistanda Milli bahar baýramy-Halkara Nowruz güni bellenilýär

Şu günler Ahal welaýatynyň çäklerindäki Nowruz ýaýlasynda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni uly dabaralara beslenip, ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda bellenýär. Bu ajaýyp baýramçylyga “Ata Watan Media” topary hem gatnaşdy.

Ýurdumyzda her ýyl däp bolşy ýaly, Milli bahar baýramy mynasybetli esasy dabaralar “Nowruz ýaýlasynda” giňden ýaýbaňlandyryldy. Baýramçylyk dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri, köp sanly myhmanlar gatnaşdylar.

“Nowruz ýaýlasynyň” girelgesinde ýurdumyzyň teatr işgärleriniň sahnalaşdyrylan çeper edebi kompoziýasyna tomaşa edildi. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahar Seýidowa Türkmenistanyň Prezidentiniň türkmen halkyna iberen Milli bahar baýramy mynasybetli iberen Gutlag hatyny okady.

Hormatly Prezidentimiziň Gutlagynda: “Bu gün bedew batly Bitarap döwletimizde Milli bahar baýramynda — Halkara Nowruz gününde bagşy-sazandalarymyzyň ýerine ýetirýän aýdym-sazlary, döredijilik toparlarynyň folklor-tans çykyşlary, şahyrlarymyzyň okaýan goşgulary Nowruz nagmalary bolup, bagtyýar halkymyzy täze sepgitlere ruhlandyrýar” diýlip bellenilýär.

Soňra baýramçylyk dabarasy ýaş türkmenistanlylaryň ýerine ýetiren çykyşlary bilen dowam etdi. Mälim bolşy ýaly,  BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Nowruz baýramynyň halkara derejesindäki baýram hökmünde ykrar edilmeginiň şanyna ýurdumyzyň sungat ussatlary Nowruz baýramynyň giňden bellenilýän ýurtlarynyň, hususan-da – Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Pakistanyň, Hindistanyň, Türkiýäniň hem-de beýleki döwletleriň aýdym-sazlaryny ýerine ýetirdiler.

Şeýle hem baýramçylyk dabaralarynyň geçirilýän ýeri bolan “Nowruz ýaýlasynda” bezelen ak öýler dikilip, türkmen obasy ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde ýaňlanýan aýdym-sazlar, joşgunly tanslar ýerli we daşary ýurtly myhmanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

Türkmenistanda geçirilýän milli baýramçylyklary ajaýyp ahalteke bedewlersiz göz öňüne getirip bolmaýar. Şonuň üçin bu ýerde  “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň görkezme çykyşlary hemmeler üçin hakyky sowgat boldy.

Bu topar diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary ýurtlarda-da meşhurdyr. “Galkynyş” topary köp sanly halkara festiwallaryň baýraklarynyň eýesidir.

Baýramçylyga bagyşlanyp, bu ýerde Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň konserti geçirildi.

Ýene-de okaň

Alp Arslan Begenjow Türkmenistana ilkinji erkin göreş medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-UNIDO:2026-2030-njy ýyllar üçin “Ýol kartasy” işlenip düzüler

Rabab Fatima Türkmenistanyň başlangyçlaryna ýokayr baha berdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri: ählumumy “Energetika kodeksini” işläp taýýarlamagy teklip etdi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy: Ýakyn Gündogardaky gapma-garşylygyň giňelmegini goldamaýarys

Türkmen halkynyň Milli Lideri Awstriýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri