JEMGYÝET

“Türkmenistanda korrupsiýa garşy hereket etmek boýunça 2025-2029-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy” taýýarlanýar

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan şu ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi. Şeýle-de mejlisiň gün tertibine Garaşsyz Watanymyzda howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meseleler girizildi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň hasabatlary diňlenildi.

Baş prokuror B.Muhamedow şu ýylyň on aýyndaky işleriň netijeleri, şol sanda ýurdumyzda hereket edýän kanunlaryň we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýerine ýetirilmegine gözegçilik etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle-de ol ýolbaşçylyk edýän edarasynda sanly ulgamyň işjeň ornaşdyrylmagy boýunça görülýän çäreler, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň tabşyrygy esasynda geçirilen barlaglaryň netijeleri barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, prokuratura edaralary tarapyndan kanunçylygyň doly we dogry ýerine ýetirilişine yzygiderli gözegçilik etmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanda korrupsiýa garşy hereket etmek boýunça 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Milli maksatnamany” we beýleki resminamalaryň taslamalaryny halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda taýýarlamagyň wajypdygyny aýdyp, Baş prokurora bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda» Permana gol çekdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy raýatsyzlyk meselesi bilen bagly işler boýunça Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan netijeli çäreleriň görülýändigini belledi hem-de gullugyň ýolbaşçysyna şu ýylyň 8-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň degişli edarasy bilen sebitleýin maslahaty guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.

Ýene-de okaň

Hytaýyň tejribeli lukmanlary Türkmenistana sapar bilen geler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti tebigy gazyň eksport möçberini artdyrmagy tabşyrdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen döwlet maliýe institutyna täze rektor bellendi

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna täze rektor bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň Baştutanyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler