JEMGYÝET

Türkmenistanda köp çagaly enelere Ene mähri» diýen hormatly ady dakyldy

7-nji martda bahar paslynyň toý-baýrama beslenýän günlerinde sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere hormatly Prezidentimiziň Permany bilen Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly ady dakyldy.  Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda zenanlara dürli döwlet ýeňillikleri berilýär. Döwrebap derejede ýaşamaklary, zähmet çekmekleri üçin şertler döredilýär. Munuň netijesinde zenanlaryň jemgyýetçilik-syýasy durmuşda eýeleýän orny işjeň ýokarlanýar. Bu bolsa türkmen jemgyýetiniň durnukly ösüşiniň möhüm şertidir. Dabaranyň dowamynda «Ene mähri» diýen hormatly ada mynasyp bolan zenanlar türkmen halkynyň Milli Liderine hem-de Türkmenistanyň Prezidentine alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýene-de okaň

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

Ata Watan Eserleri

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi

Türkmen-türk hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy