SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistanda ilkinji gezek rizotomiýa operasiýasy üstünlikli geçirildi

Germaniýanyň Aşau şäheriniň ortopediýa hassahanasynyň spinal hirurgiýa bölüminiň müdiri, professor Bronek Maksimilian Boşik Türkmenistanda ilkinji gezek iş saparynda boldy. Ol ýerli lukmanlar bilen näsaglary barlagdan geçirdi we operasiýalara gatnaşdy diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, nemes lukmany täze hirurgik bejergini Türkmenistanda amaly lukmançylyga netijeli ornaşdyrmak babatda türkmen kärdeşleri bilen öz tejribesini paýlaşdy. Netijede, çagalarda we uly adamlarda oňurga sütüniniň şikeslerinde, gyşarmalarynda, dogabitdi kesellerinde, täze döremelerinde we degeneratiw kesellerinde ýokary derejeli anyklaýyş amallarydyr operatiw bejergiler ýerine ýetirildi.

Hususan-da, çaga serebral ysmazy, spastiki tetraparez keselini bejermekde rizotomiýa operasiýasy Türkmenistanda ilkinji gezek üstünlikli geçirildi. Nemes lukmany Bronek Maksimilian Boşik bilen ýerli lukmanlaryň gatnaşmagynda Aşgabatdaky Şikesleri bejeriş halkara merkezinde çaga serebral ysmazy, spastiki tetraparez keselinden ejir çekýän, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy bolan 10 ýaşly çaga rizotomiýa operasiýasy üstünlikli amala aşyryldy. Operasiýadan soňra çaganyň ýagdaýlary kanagatlanarly diýlip, habarda aýdylýar.

Ýene-de okaň

“Türkmenistan” awiakompaniýasy TIACA-nyň işjeň agzasy boldy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat – Daşoguz uçuşlaryň sanyny artdyrýar

Haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna çagalara kardiohirurgiki we urologiki operasiýalar geçirildi

Ýaponiýaly lukmanlar Türkmenistanda saparda bolýarlar

«S7» awiakompaniýasy: Aşgabatdan Nowosibirskä uçar gatnawyny ýola goýmagy meýilleşdirýär

Türkiýäniň syýahatçylyk pudagy 2025-nji ýylyň üçünji çärýegini iň ýokary girdeji bilen jemleýär