Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Döwkesen geňeşliginde ýaşaýjylar tarapyndan 18 sany altyn, 3 sany kümüş teňňe, şeýle hem 61 sany altyn teňňäniň bölekleri we 8 sany dürli reňkli tapyndy tapyldy. Bu barada wise-premýer M.Mämmedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde hasabat berdi.
“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we rejelemek baradaky Milli müdirliginiň alymlarynyň we hünärmenleriniň, Ylymlar Akademiýasynyň nuizmatlary bilen bilelikde geçirilen deslapky öwreniş işleriniň netijesinde, käbir altyn teňňeleriň ýüzünde Horezmşalar döwletiniň hökümdary Soltan Allaeddin Muhammediň we onuň kakasy Soltan Tekeşiň atlarynyň ýazylandygy anyklandy.
Alymlaryň çaklamalaryna görä, bu teňňeler Köneügrençli türkmenleriň guran kuwwatly döwletiniň XII-XIII asyrlaryň başynda gülläp ösen döwri bilen baglydyr.
Häzirki wagtda bu gymmatly tapyndylar Köneürgenç taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň muzeý gaznasynda saklanylýandygy aýdyldy.
Bu tapyndylary şu ýylyň 22-nji iýunynda Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine tabşyrmak teklip edildi.
