SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistanda halkara syýahatçylyk maslahaty geçiriler

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly halkara maslahatyny geçirmek barada hasabat berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, “Milli taryhy-medeni mirasy aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny” durmuşa geçirmek, baý taryhy medeni mirasymyzy giňden wagyz etmek maksady bilen 2023-nji ýylyň 20-nji martynda “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly halkara maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Halkara forumyň barşynda daşary ýurtly myhmanlary “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy, ýurdumyzyň özboluşly taryhy, medeni we tebigy ýadygärlikleri, muzeýleri we syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmak, ýurdumyzda Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni mynasybetli geçiriljek çärelere gatnaşdyrmak göz öňünde tutulýar.

Maslahata gatnaşyjylara täze syýahatçylyk ugurlaryny işläp taýýarlamak boýunça özara pikir alyşmak mümkinçiligi dörediler. Syýahatçylyk kärhanalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda resminamalara gol çekmek meýilleşdirilýär.

Ýene-de okaň

Türkiýä bolan syýahatçylyk islegi ýokary derejede saklanýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň raýatlary üçin “ASAN Viza” portaly türkmen dilinde işe girizildi

Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy wiza ulgamyndaky üýtgeşmeler barada habar berdi

Fransiýanyň syýahatçylykda täze taryhy rekordy

Ata Watan Eserleri

Hytaý Beýik Britaniýanyň we Kanadanyň raýatlary üçin wizasyz düzgüni girizýär

BSGG-niň ýolbaşçysy çagalar üçin sosial torlarda ýaş çäklendirmelerini girizmäge çagyrdy