JEMGYÝET

Türkmenistanda Gadyr gijesi mynasybetli 336 sany raýatyň günäsi geçildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde jenaýat edendikleri üçin iş kesilen 336 sany raýatyň mübärek Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakyndaky Permana gol çekdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy B.Gündogdyýewe söz berdi.

B.Gündogdyýew jenaýat edendikleri üçin iş kesilen raýatlaryň mübärek Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen 336 sany raýatyň mübärek Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakyndaky Permana gol çekdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz günäsi geçilen adamlaryň tussaglykdan boşadylyp, ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barmaklary üçin, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz günäsi geçilen adamlara yhlasly zähmet çekip, eziz Watanymyz ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.

Ýene-de okaň

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Derýageldi Orazow Şäherleriň Bütindünýä Forumy üçin Azerbaýjana bardy

Özbegistanda ýeňiji bolan türkmen atşynaslaryna bagyşlanan dabara geçirildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Beýik Britaniýada saparda bolýar

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Hökümet Baştutanlary bilen duşuşar

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi