DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Özbegistan migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisihanasynyň wekilleri bilen iş duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda taraplar türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň migrasiýa ulgamyndaky gatnaşyklaryň geljegi we mümkinçilikleri barada pikir alşyp, onuň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem  taraplar Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary şeýle hem çalt ösýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy, hususan-da migrasiýa babatynda hyzmatdaşlygyň bilelikde amala aşyrylýan çäreleri we giň mümkinçilikleri barada nygtadylar.

Related posts

Fransiýada yşyklar festiwaly: Köçeler reňkli yşyklar bilen bezeldi

Türkmenistan BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň Azerbaýjana sapary