BILIM

Türkmenistanda birnäçe halkara olimpiadalary geçirmek meýilleşdirilýär

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleriniň birnäçesine garaldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalary hem-de ylmy-amaly maslahatlary geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda ýokary derejede geçirilýän halkara olimpiadalar, forumlar, sergiler, ylmy-amaly maslahatlar dünýäniň bilim, ylym merkezleri bilen hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak, ýaş zehinleri ýüze çykarmak ugrundaky möhüm ädimlerdir.

Halkara bilim hyzmatdaşlygy babatda gazanylanlary üstünlikli durmuşa ornaşdyrmak, ylym-bilimiň geljegi uly ugurlary boýunça ýurdumyzyň hem-de daşary ýurt ýaşlarynyň arasyndaky gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek maksady bilen,

  • “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň 10-11-nji aprelinde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda iňlis dili dersi boýunça III halkara internet olimpiadasyny;
  • Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda 12-nji aprelde makroykdysadyýet hem-de 16-njy maýda dünýä ykdysadyýeti dersleri boýunça II Açyk halkara internet olimpiadalaryny,
  • 26-njy aprelde «Maliýe bazarlarynyň ösüşiniň häzirki zaman meýilleri» atly halkara ylmy-amaly maslahaty; 15-nji aprel — 1-nji maý aralygynda Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy gorap saklamakda halkara ynsanperwer hukugynyň ähmiýeti» atly düzme ýazmak boýunça bäsleşigi;
  • 6 — 11-nji maý aralygynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda nazary mehanika dersi boýunça III Açyk halkara internet olimpiadasyny;
  • 11-nji maýda Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda çyzuwly geometriýa we inžener grafikasy dersi boýunça II Açyk halkara internet olimpiadasyny sanly ulgam arkaly geçirmek meýilleşdirilýär.

Şeýle hem Bilim ministrliginiň we Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň bilelikde guramagynda 22 — 25-nji maýda paýtagtymyzda Merkezi Aziýa we Hazarýaka ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Halkara gatnaşyklar we geosyýasy modelirleme» atly halkara olimpiadany geçirmek hem-de bäsleşige geljek daşary ýurtly myhmanlary Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere gatnaşdyrmak göz öňünde tutulýar.

Şu ýylyň 4-5-nji iýunynda bolsa paýtagtymyzda Ylymlar güni mynasybetli Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty tarapyndan «Binagärlik gurluşykda döredilen sungatdyr» atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirmek teklip edilýär.

Halkara çäreleri ýokary derejede geçirmekde toplanan tejribeden ugur alyp, agzalan olimpiadalara hem-de ylmy-amaly maslahatlara ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarydyr ýaş alymlary bilen bir hatarda, dünýäniň abraýly bilim ojaklarynyň we ylmy merkezleriniň wekilleriniň işjeň gatnaşmaklaryny hem üpjün etmek meýilleşdirilýär. Ýeňijiler dürli derejeli medallar, diplomlar bilen sylaglanylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Ýaponiýa bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistanyň Bilim ministrliginde AQA Global wekiliýeti bilen duşuşyk

Mary welaýatynda täze çagalar bagy açyldy

Ata Watan Eserleri

Şwesiýanyň mekdeplerinde okuwçylaryň mobil telefon ulanmagy doly gadagan ediler

Koreýa bilim almak isleýän türkmen ýaşlary üçin bildiriş

Russiýa Türkmenistana 2026/2027-njy okuw ýyly üçin uniwersitetlerine 500 orun berdi