JEMGYÝET

Türkmenistanda «Arkadag» medaly döredildi

Türkmenistanyň Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň üçünji maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan birnäçe kanunlaryň taslamalaryna garaldy hem-de kabul edildi.

Maslahata degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

Maslahatyň dowamynda deputatlar «Türkmenistanyň «Arkadag» medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar.

«Türkmenistanyň «Arkadag» medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasynda «Arkadag» medalynyň Türkmenistanyň döwlet sylagy bolup durýandygy, onuň durmuş, jemgyýetçilik, ynsanperwer, haýyr-sahawat, meýletinçilik işleriniň ösmegine, lukmançylyk, sagaldyş-dikeldiş hyzmatlarynyň guralmagyna, şeýle hem hemaýata mätäç çagalara we ýaşlara maliýe we maddy kömegini, maslahatlary we usuly taýdan kömek bermekde uly goşant goşan Türkmenistanyň raýatlaryny we daşary ýurt raýatlaryny sylaglamak maksady bilen döredilýändigi görkezildi.

Ynsanperwerlik, adamy hormatlamak ýaly milli ýörelgelerimizden ugur alnyp taýýarlanan bu Kanunyň taslamasy Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ynsanperwer başlangyçlaryny dünýä ýaýmaga, döwletiň ynsanperwer durmuş syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmäge, ýurdumyzyň halkara abraýynyň berkidilmegine uly ýardam berer.

Ýene-de okaň

Milli Liderimiz: Türkmen-rus uniwersitetini döretmek taslamasy dowam etdiriler

Türkmenistanyň Prezidenti köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda täze döwrebap şäherçe gurlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Walentina Matwiýenkony doglan güni bilen gutlady

Britan Geňeşligi türkmen mugallymlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmaga goşant goşýar

Türkmenistanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi