BILIM

Türkmenistanda açyk halkara matematika olimpiadasy geçirilýär

Paýtagtymyz Aşgabatdaky Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde “OMOUS 2025” açyk halkara matematika olimpiadasynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu bilim bäsleşiginiň esasy maksady zehinli talyplary ýüze çykarmankdan, halkara bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmekden we takyk ylymlary giňden wagyz etmekden ybaratdyr.

Bassyr 3 ýyldan bäri Türkmenistan şeýle bilim bäsleigini gurnaýar. Üstümizdäki ýylda olimpiada gatnaşmak üçin dünýäniň dürli döwletlerinden 500-den gowrak talyp ýaşlary geldi. Olaryň hatarynda Russiýa, Özbegistan, Polşa. Rumyniýa, Indoneziýa, Eýran, şol bir wagtda ilkinji gezek gatnaşýan Birleşen Arap Emirlikleri, Hindistan we Täjigistan ýaly döwletler bar.

Açylyş dabarasynda ýörite sergi gurnalyp, onda türkmen halylary, täzeçil tehnologik işläp düzmeler, dürli suratlar we milli saz gurallary görkezildi.

Talyplaryň arasyndaky matematika olimpiadasy 2 tapgyrda: şahsy we toparlaýyn esasda geçiriler. 6 gün dowam etjek olimpiadanyň medeni maksatnamasynyň çäklerinde myhmanlar Türkmenistanyň Döwlet muzeýine hem-de türkmen halysynyň Milli muzeýine baryp görerler.

Ýene-de okaň

Amerikada ýene bir mugt okuw :Fulbright Teaching Excellence and Achievement Programy

Ýyllyk kitap sergisi geçirildi

Täjigistan 12 ýyllyk bilim ulgamyna geçmegi meýilleşdirýär

Hususy kärhanalaryň işgärlerini tölegsiz iňlis dili okuwlaryna çagyrýarys!

Ata Watan Eserleri

Goranmak ministrliginiň harby okuw mekdeplerine 2026‑2027 okuw ýyly üçin kabul edişlik başlandy

Ýaş gyzlar üçin Amerikada gysga wagtlaýyn mugt okuw mümkinçiligi:TechGirls maksatnamasy