TEHNOLOGIÝA

Türkmenistanda 4G ulgamy işjeň ornaşdyrylýar

«Altyn Asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ilaty ykjam aragatnaşyk we internet hyzmatlary bilen üpjün etmek boýunça innowasion meýilnamalaryň üstünde yzygiderli işler alnyp barylýar.

Häzirki wagtda «Altyn Asyr» ÝGPJ-i tarapyndan 4G ülňüsinde işleýän iberiji we kabul ediji enjamlary Türkmenistanyň çägi boýunça tapgyrlaýyn gurnalyp ulanyşa goýberilýär. Ýerine ýetirilen işleriň hatarynda:

Ahal welaýaty – Babadaýhan, Tejen, Kaka Ak bugdaý, Gökdepe, Bäherden we  Sarahs etraplarynda;

Balkan welaýaty – Türkmenbaşy, Balkanabat,  Gumdag, Hazar şäherlerinde, şeýle hem Magtymguly, Serdar, Bereket,  Etrek, Esenguly etraplarynda;

Daşoguz welaýaty –  Daşoguz şäherinde, Görogly, Gubadag, Şabat, Akdepe, Gurbansoltan eje, Boldumsaz, Köneürgenç we Türkmenbaşy etraplarynda;

Mary welaýaty – Mary şäherinde, Baýramaly, Wekilbazar, Mary, Murgap, Türkmengala, Sakarçäge, Garagum, Ýolöten, Tagtabazar  we Serhetabat etraplarynda;

Lebap welaýaty boýunça – Türkmenabat şäherinde, Dähew etrabynda 4G iberiji we kabul ediji beketleri gurnalyp ulanyşa goýberildi.

Häzirki wagtda Lebap welaýatynyň Çärjew, Saýat, Halaç, Kerki, Döwletli, Köýtendag, Hojambaz, Farap hem-de Darganata etraplarynda 4G ülňüsinde işleýän iberiji we kabul ediji enjamlaryň gurnama işleri dowam edýär.

Ýene-de okaň

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi

Türkmenistan-Ýaponiýa: maglumat merkezleriniň ulgamy dörediler