BIZNES

Türkmenistanda 2025-nji ýylyň nyşany bilen bezelen täze dokma önümleriniň toplumy çykdy

Paýtagtymyzdaky «Altyn Asyr» marketing merkezinde Täze ýylyň dokma önümleriniň täze toplumy alyjylara hödürlenilýär.

«Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynyň habar berşi ýaly, olaryň arasynda baýramçylyk äheňli we 2025-nji ýylyň nyşany bolan – Ýaşyl ýylanyň şekili bilen bezelen tüýjümek süpürgiçleriň dürli möçberdäki görnüşleri bar.

Şeýle hem dürli hili şekillendirilen ýylanyň suraty bilen bezelen çagalaryň öýde geýmäge niýetlenen egin-başlary hem alyjylaryň ünsüni çekjek harytlardyr.

Merkeziň dükanlarynda sowgatlyk we gündelik ulanmak üçin önümleriň giň görnüşleri hödürlenýär.

Baýramçylyk toplumlarynyň hatarynda şu ýylyň nyşany bilen dürli görnüşde bezelen düşek daşlyklary, süpürgiçler, öýde geýilýän aýakgaplar we başga-da köp zatlar bar.

Söwda tekjeleri «Gala», «Ýeniş», «Bedew», «ADT» we beýleki meşhur ýerli brendleriň dürli görnüşdäki täze önümleri bilen diýseň baý.

Ýene-de okaň

Lebap welaýatynyň ykdysadyýeti 2026-njy ýylyň 3 aýynda ýokary ösüş depginini görkezdi

Şu ýyl Lebap welaýatynda 8 desganyň açylmagyna garaşylýar

Farap etrabynda täze söwda bazary gurlar

«Şabat» türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezinde söwda dolanyşygy ýokarlanýar

Yslamabatda türkmen-pakistan işewürlik hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

Türkmenistan Malaýziýada geçirilen “OTC Asia 2026” halkara maslahatyna gatnaşdy