DÜNÝÄ

Türkmenistanda 2025-nji ýylyň 2 aýynda 44 duşuşyk guraldy

Türkmenistanyň DIM-de 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Hökümetiniň halkara guramalary bilen bilelikde geçirjek halkara çärelerine bagyşlanan brifing geçirildi.

Duşuşyga Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň hem-de halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, milli hem-de daşary ýurt KHBS-iň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Brifingiň dowamynda şu ýylyň mart aýynda geçiriljek halkara derejesindäki has möhüm duşuşyklar barada habar berildi.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Raşid Meredow gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2024-nji ýylyň 21-nji martynda kabul eden “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, 2025-nji ýyl” atly kararnamasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň çäklerinde ilkinji möhüm çäräniň BMG-niň Nýu-Ýork şäherindäki baş edarasynda 100-den gowrak wekiliň gatnaşmagynda geçirilendigini nygtady.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen döredilen 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet topary tarapyndan degişli maksatnamalar we iş meýilnamalary tassyklanyldy. Olaryň hatarynda Türkmenistanda hem-de onuň çäklerinden daşarda geçiriljek halkara çäreleriniň meýilnamasy hem bar.

Bu resminama laýyklykda, şu ýylyň ilkinji iki aýynyň dowamynda Türkmenistanda, daşary döwletlerde hem-de halkara guramalarynyň meýdançalarynda daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ýardam bermegi bilen DIM tarapyndan 44 sany duşuşyklar, maslahatlar we beýleki çäreler geçirildi.

 

Ýene-de okaň

Türki dünýäsiniň futbol diplomatiýasy

ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda halkara Nowruz baýramyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi

Seulda türkmen-koreý syýasy geňeşmeleri geçirildi

17-nji aprelde GDA-nyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler

Aşgabat-Seul: konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi

Türkmenistan Ýaponiýanyň gadymy paýtagty bolan Nara şäheri bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär