BIZNES

Türkmenistanda 2025-nji ýylda maýa goýuljak iri taslamalar

Wise-premýer B.Annamämmedow “Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň” taslamasy barada Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň beren tabşyryklaryna laýyklykda, ýurduň Gurluşyk we binagärlik hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleri tarapyndan beýleki ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri bilen bilelikde “Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy” taýýarlanyldy.

Şu ýylda maýa goýumlar döwlet we sebit ähmiýetli taslamalar bolan “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň nobatdaky tapgyrlaryna, “Şatlyk-1” gaz gysyjy desgasyna, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň möhüm bölegine, Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat – Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyna, Balkan welaýatyndaky kuwwatlylygy 1574 MWt bolan utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasyna we Jebel şäherçesindäki täze Halkara howa menziline, Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoluna, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän köprä gönükdiriler. Sebitde iri taslamalaryň biri bolan Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna aýratyn üns berler.

Şeýle hem ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, maýa goýum serişdeleri ýaşaýyş jaýlarynyň, saglygy goraýyş desgalarynyň, orta mekdepleriň we çagalar baglarynyň, awtomobil ýollarynyň, suw, gaz, elektrik geçirijileriniň, aragatnaşyk ulgamlarynyň hem-de suw arassalaýjy desgalaryň gurluşygyna gönükdiriler. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, “Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň” taslamasynda göz öňünde tutulan binalaryň we desgalaryň ýokary hilli gurulmagyna gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder

Hytaý Türkmenistanyň hususy pudagy bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyga taýýar

ÝTÖB Türkmenistanda döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamalaryna goldawy giňeltmäge taýýar