BIZNESPEÝDALY MASLAHAT

Türkmenistanda 2024-nji ýylyň önümçilik senenamasy tassyklandy

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi ýurtdaky ähli edaralar we kärhanalar üçin 2024-nji ýyl üçin iş wagtynyň standartlaryny tassyklady. Bu barada ministrligiň resmi web sahypasynda habar berildi.

Iş wagtynyň ölçegleri 8 sagatlyk iş gününden ugur alnyp, bäş günlük 40 sagatlyk iş hepdesiniň, 7 sagatlyk iş gününden ugur alnyp, alty günlük 40 sagatlyk iş hepdesiniň we 6 sagatlyk iş gününden ugur alnyp, alty günlük 36 sagatlyk iş hepdesiniň senenamasy boýunça hasaplanandyr.

Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda, şu aşakdaky baýramçylyk we hatyra günlerinde kärhanalarda, guramalarda we edaralarda işlenilmeýär: 1-nji ýanwar – Täze ýyl baýramy; 8-nji mart – Halkara zenanlar güni; 21-22-nji mart – Milli bahar baýramy; 18-nji maý – Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni; 27-nji sentýabr – Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni; 6-njy oktýabr – Hatyra güni; 12-nji dekabr – Halkara Bitaraplyk güni. Şeýle hem 2024-nji ýylyň 10-njy aprelinde – Oraza baýramy we 16-17-18-nji iýunynda – Gurban baýramy belleniler. Şu günleriň öňündäki günüň iş wagty Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 61-nji maddasyna laýyklykda 1 sagat ir tamamlanmalydyr.

Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 62-nji maddasyna laýyklykda, iş tertibi düzülende gijeki iş wagtynda işiň dowamlylygynyň 1 sagat gysgalýandygy göz öňünde tutulmalydyr. Şol sebäpli, iki dynç alyş günli, bäş günlük iş hepdesinde üç iş çalşygynda işleýänleriň iş wagtynyň ýyllyk gory, her gijeki iş wagtynyň 1 sagadynyň hasabyna azalýar.

Gijeki işiň dowamlylygy önümçiligiň şertlerine görä zerur bolan halatlarda, hususan-da üznüksiz önümçiliklerde, şonuň ýaly-da, bir dynç alyş günli alty günlük iş hepdesi mahalyndaky çalşykly işlerde gündizki iş bilen deňleşdirilýär.

Beýan edilenler bilen baglylykda, 2024-nji ýylda sagatlaýyn tarif möçberleriniň iş wagtynyň ortaça aýlyk dowamlylygynyň (sagatlarda) gaýtadan hasaplanylyşy şu aşakdaky ýaly bellenilýär:

40 sagatlyk iş hepdesi üçin – 166,9;

36 sagatlyk iş hepdesi üçin – 151.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň bilen Özbegistanyň Ikinji sebitara forumy geçiriler

Türkmenistanyň käbir etraplarynda döwrebap demirýol stansiýalary gurlar

Türkmenistanda geljek ýyl 40,1 milliard manat maýa goýum özleşdiriler

Azerbaýjan bilen Gyrgyzystan energetika pudagynda hyzmatdaşlygyň ýol kartasyna gol çekdi

Gyrgyzystan Türkmenistanyň ulag we port hyzmatlaryndan peýdalanmaga gyzyklanma bildirýär

Işewür dünýäsiniň iň täsirli 100 adamy