JEMGYÝET

Türkmenistanda 18-nji maýdaky dynç güni 19-njy maýa geçirildi

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda

Ýurdumyzyň ilatynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününi dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň 2-nji bölegine laýyklykda, karar edýärin:

1. 2025-nji ýylyň 18-nji maýyndaky dynç gününi 19-njy maýa — duşenbe gününe geçirmeli.

2. Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Related posts

Geçmiş geşmişde galsyn, sen öňe gitmegiňi dowam et!

vepa

Kenan Çoban: türkmen myhmansöýerligine minnetdarys

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Tatarystan bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly baha berýäris