SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistanda 14 sany ýokanç kesele garşy öňüni alyş sanjymlary edilýär

Şu ýylyň 24 — 30-njy apreli aralygynda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebitiniň ýurtlarynda, şeýle-de Türkmenistanda hem her ýyl bellenilýän, adamlaryň saglygy we abadançylygy babatda öňüni alyş sanjymlarynyň ähmiýetini ilat arasynda wagyz-nesihat etmäge gönükdirilen immunizasiýa hepdeligi geçirilýär. 2005-nji ýyldan bäri bu hepdelik giň gerimli çärä öwrüldi. Onuň maksady sanjym arkaly öňüni alşyň ähmiýeti barada ilatyň habarly bolmagyny gazanmakdan, immunizasiýa babatda sowatly hem-de ynamly garaýşy kemala getirmekden ybaratdyr. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde bellenilip geçilýär.

Öňüni alyş sanjymlary ýokanç kesellerden goranmagyň iň zerur we howpsuz usullarynyň biridir. Keseliň öňüni alyş sanjymlarynyň milli maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzda öňüni alyş sanjymlarynyň ýokary derejede alnyp barylmagynyň netijesinde ýokanç keseller bilen keselçilik has peseldi. Onuň guramaçylykly geçirilmegi hem-de arassaçylyk we epidemiýa garşy toplumlaýyn çäreleriň güýçlendirilmeginiň netijesinde, ýurdumyzyň çäklerinde poliomielit, gökbogma, täjihoraz, bürme, gyzamyk, gyzylja ýaly ýokanç keseller ýok edildi ýa-da seýrek ýagdaýlar görnüşinde bellige alynýar. 1997-nji ýyldan bäri ýurdumyzda ýiti ysmaz poliomielitiň bellige alynmaýandygyny, 2002-nji ýylda bolsa BSGG-niň Ýewropa sebiti tarapyndan Türkmenistana poliomielitden azat ýurt hökmünde şahadatnamanyň gowşurylandygyny belläp geçmek gerek.

Häzirki wagtda ýurdumyzda jemi 14 sany ýokanç kesele — wirusly gepatitiň B görnüşine, inçekesele, polimielite, difteriýa, gökbogma, bürmä, gyzamyga, hapgyrtma, gyzylja, Hib ýokanjyna, adamyň papilloma wirusynyň döredýän howply täze döremelerine, pnewmokokk, rotawirus ýokanjyna, wirusly gepatitiň A görnüşine garşy sanjymlar döwlet serişdeleriniň hasabyna mugt geçirilýär. Şeýle hem raýatlara, islegine görä, Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezinde, bellenilen saglyk öýlerinde möwsümleýin ýokanç keselleriň öňüni alyş sanjymlary geçirilýär.

Häzirki döwürde birnäçe ýokanç kesellere bir wagtyň özünde garşy durmaga immuniteti üpjün edip bilýän waksinalar ileri tutulýar. Şeýle waksinalar adamy agyr görnüşli ýokanç keseller bilen syrkawlamakdan goramaga mümkinçilik berýär.

Ýene-de okaň

Aşgabat-Moskwa rejeli gatnawlaryň togtadylmagy dowam edýär

XII Türkmen-german forumy geçiriler

Tramp Amerikada ýaşamak üçin “altyn kart” wizasyny hödürleýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň syýahatçylyk kompaniýalary Eýrandaky syýahatçylyk duşuşygyna gatnaşdylar

Ata Watan Eserleri

“Türkmenistan” awiakompaniýasyndan halkara gatnawlarda ýörite aksiýa

Russiýa syýahatyňyzy “Türk howaýollary” bilen amala aşyryň!