BILIM

Türkmenistanda 118 sany ýaş alym ýeňiji diýip yglan edildi

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Ylymlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Bu bäsleşik Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde guralýar.

Zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga, olary ylym bilen meşgullanmaga işjeň çekmäge gönükdirilen ylmy bäsleşige şu ýyl ýaşlaryň 1 müň 665-siniň gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrýar.

Ýaş alymlar nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika; biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika; maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary; häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary; innowasion ykdysadyýet; ynsanperwer ylymlar ýaly 6 ugur boýunça ylmy işlerini hödürlediler.

Bäsleşigiň emin agzalary hödürlenen işleri seljerip, jemi 118 sany ýaş alymy ýeňiji diýip yglan etdiler. Hödürlenen ylmy işler diňe bir nazaryýet taýdan däl, eýsem, önümçilik babatda hem täze ylmy başlangyçlary bilen tapawutlanýar.

Ýene-de okaň

Türkmen-hytaý energetika okuw merkezi döredildi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 2026-njy ýyl üçin diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetler

Ata Watan Eserleri

TOHU-da «Döwrebap ykdysadyýetçi üçin diplom ýeterlikmi?» atly açyk sapak geçirildi

TOHU-da «XXI asyr marketing» atly açyk sapak geçirildi

HNGU-da «Eksport – global bazarlaryň gapysy» atly açyk sapak geçirildi

Türkmenistanyň we Russiýanyň ýokary okuw mekdepleri hyzmatdaş boldular