SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistana “Sputnik Laýt” sanjymy getirildi

Şu gün Moskwa-Türkmenabat-Moskwa ugry boýunça ýörite uçar gatnawy amala aşyryldy. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär.

Russiýanyň ilçihanasynyň berýän maglumatyna görä, Moskwa-Türkmenabat-Moskwa ugry boýunça ýerine ýetirilen ýörite gatnaw arkaly türkmen tarapynyň satyn alan koronawirus ýokanjyna garşy işlenip taýýarlanan rus “Sputnik Laýt” sanjymy Türkmenistana getirildi.

Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň 23-nji dekabrynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi “Sputnik Laýt” waksinasyny bellige aldy hem-de degişli şahadatnamany berdi.

Häzirki wagtda Russiýa Federasiýasynyň “Sputnik Laýt” waksinasy 15 ýurtdan gowragynda belgä alyndy we ýene 30 ýurtda bu waksinanyň bellige alynmagy dowam edýär.

Mundan başga-da, Russiýada öndürilen COVID-19 ýokanjyna garşy öndürilen “EpiVacCorona” we “Sputnik-V” sanjymlary hem Türkmenistanda resmi taýdan bellige alyndy.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Russiýa Federasiýasynyň öňdebaryjy wirusologiýa merkezleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär, «Sputnik Laýt» sanjymynyň Türkmenistanda hasaba alynmagy bolsa, iki ýurduň ýokanç keselleriniň ýaýramagyna garşy göreşmek ulgamyndaky ysnyşykly özara gatnaşyklarynyň netijesi bolup durýar.

 

Türkmenabatdan Moskwa 34-nji ýörite gatnaw

Ýene-de okaň

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar