PEÝDALY MASLAHAT

Türkmenistana dolanyp barmak üçin Şahadatnama almak

Türkiýede bolýan Pasportyny ýitiren Türkmenistanyň raýatlarynyň Türkmenistana dolanyp barmak üçin şahadatnama almak üçin gerekli resminamalaryň sanawy we doldurmaly resminamalaryň nusgasy Stambul şäherindäki Türkmenistanyň Baş konsullygynyň web saýtynda berilýär. Bu maglumaty Size ýetirýäris.

Pasportyny ýitiren Türkmenistanyň raýatlary üçin, LP-Türkmenistana dolanyp barmak üçin Şahadatnama almakda gerekli resminamalar: 

  1. Raýatyň Arzasy we Düşündirişi (Konsullyk gullugynda ýazylýar),
  2. Pasportyny ýitirenligi ýa-da ogurladanlygy barada degişli Polisiýa müdirlikleri tarapyndan berilýän beýannama,
  3. Şahsyýetini tassyklaýjy resminamalarynyň nusgasy (pasport, harby bilet, dogluş şahadatnama),
  4. Wagtlaýyn ýaşamak hakyndaky ygtyýarnamasynyň (oturma izni) nusgasy,
  5. LP formy doldurmaly,
  6. 2 sany 3×4-görnüşli surat

yurda-dolamak-sahadatnama nusgasyny almak üçin resminamanyň gök bilen ady ýazylan ýere basyň!

* Talap edilýän nusgalar reňkli we A4 format kagyzynda bolmalydyr.

Habarlardan, peýdaly we gyzykly maglumatlardan gyzgyny bilen habarly bolmak üçin Google Plaý marketden Atawatan Applikasiýasyny şu ýere basyp mugt ýükläp alyň!

Maglumat: Konsullyk web saýtyndan

ÜNS BERİŇ! Dünýäde ýiti öýken sowuklama keselini döredýän ýokanç kesel bolan COVID-19 koronawirusynyň ýaýramagy sebäpli, 2020-nji ýylyň 18-nji martyndan başlap Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsullygy (Stambul ş.) ähli işleri uzak aralykdan alyp barmak ulgamyna (distansion ulgama) geçýär. Türkmenistana wiza ygtyýarnamalarynyň resmileşdirilmegi wagtlaýyn togtadylýar.Türkmenistanyň raýatlary+ 90 212 66202 21 (22/23) telefon belgimize ýa-da stambulconstm2@gmail.com internet poçtamyza ýüz tutup biler.

 

Türkiýede bilim almak üçin – “Atavatan Danışmanlık LTD”

Kazyýet jogapkӓrçiligine çekilip-çekilmӓndigi barada kepilnama almak

 

Türkiýede Raýatlaryň we talyplaryň konsulluk hasabyna alynmagy

Ýene-de okaň

Fiziki we ýuridik şahslar tarapyndan haýyr-sahawat işiniň hem-de haýyr-sahawat bagyş etmeleriniň hukuk esaslary kabul edildi

Aşgabat bilen Awazanyň arasynda ikinji gündelik awtobus gatnawy ýola goýulýar

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda 23-nji iýundan başlap dört awtobus ugrunyň gatnajak ýoly üýtgedilýär

Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalary

Aşgabatda Hytaýyň wizasy üçin onlaýn ýüz tutmak barada bildiriş

Türkmenabatda 0655 belgisi boýunça gije-gündiz işleýän «Onlaýn taksi» hyzmaty açyldy