DÜNÝÄ

Türkmenistan-Zimbabwe: syýasy geňeşmeler geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Zimbabwe Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi.

Taraplaryň wekiliýetlerine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Muhammetdurdyýew hem-de Zimbabwe Respublikasynyň Daşary işler we halkara söwda boýunça Hemişelik sekretary Albert Ranganaý Çimbindi ýolbaşçylyk etdiler.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we ösüşiniň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Syýasy-diplomatik dialogy işjeňleşdirmäge aýratyn üns berildi. Taraplar ýokary we iň ýokary derejedäki aragatnaşyklary ösdürmegiň, daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli geňeşmeleri geçirmegiň, şeýle hem parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň zerurdygyny bellediler.

Şeýle hem sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmalar geçirildi. Taraplar halkara düzümleriň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge hem-de köptaraplaýyn meýdançalarda başlangyçlary özara goldamaga taýýardyklaryny beýan etdiler.

Mundan başga-da, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Energetika, oba hojalygy, dokma senagaty we beýleki pudaklarda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda gatnaşyklary ýola goýmagyň, bilelikdäki biznes-forumlary guramagyň we sergi-ýarmarka çärelerine gatnaşmagyň maksadalaýykdygy bellenildi.

Medeni-ynsanperwer ugurda taraplar bilim, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge, şeýle hem özara medeni çäreleri guramaga we degişli edaralaryň arasynda göni gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Zimbabwe Respublikasynyň Daşary işler we halkara söwda ministrliginiň arasynda syýasy geňeşmeler hakynda Teswirnama gol çekdiler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň üýtgeşik tebigy desgalary ÝUNESKO-nyň halkara maksatnamalaryna giriziler

Türkmenistanyň Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýanyndaky täze Hemişelik wekili wezipesine girişdi

Türkmenistan-Hindistan: atçylyk pudagyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň 25-nji gyşky mejlisine gatnaşdy

BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň Baş direktory bilen duşuşyk

Ata Watan Eserleri

FIFA Gazada 50 sany futbol stadionyny gurar