DÜNÝÄ

Türkmenistan “Ýüpek ýoly”  6-njy halkara medeni sergisine çagyryldy

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa iş sapary bilen Aşgabada gelen Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň hemişelik agzasy, Gansu welaýat komitetiniň wagyz ediş bölüminiň başlygy Çžan Ýunsýa bilen duşuşdy.

Duşuşykda taraplar türkmen-hytaý hemmetaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar.

Şu nukdaýnazardan, M.Bäşimowa häzirki wagtda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklaryň özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça okgunly ösýändigini belledi.

Wajyp ugurlaryň biri medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan medeniýet, bilim, ylym ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň ösmegine, şeýle hem hytaý dilini öwrenmäge aýratyn üns berýär. Şunuň bilen baglylykda, ýaşlar syýasaty pudagynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek arkaly gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirildi.

Taraplar Türkmenistanyň bilen Gansu welaýaty arasyndaky üstünlikli hyzmatdaşlygyny nygtadylar. Bu ugurda Gansu welaýatynda ýerleşýän Lançžou we Aşgabat şäherleriniň doganlaşan gatnaşyklarynyň ähmiýeti belellenildi.

Şeýle hem, Hytaý tarapy Türkmenistany şu ýylyň 6-8-nji sentýabr aralygynda Gansu welaýatynyň Dunhuang şäherinde geçiriljek “Ýüpek ýoly”  6-njy halkara medeni sergisine hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çagyrdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Mejlisinde täze kanun taslamalary kabul edildi

Aşgabatda Ýewropa güni mynasybetli köpçülikleýin sport çäresi guraldy

Aşgabatdaky Eýranyň medeniýet merkezinde ýurduň merhum Liderini hatyralamak çäresi geçirildi

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň bilim ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy

Aşgabatda türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň 7-nji mejlisi geçiriler

Russiýanyň ilçisi: Russiýa kosmonawtlary taýýarlamak boýunça Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga taýýar