DÜNÝÄ

Türkmenistan ÝHHG-niň daşary işler ministrleriniň geňeşine gatnaşdy

2021-nji ýylyň 2-3-nji dekabrynda Şwesiýanyň Stokgolm şäherinde ÝHHG-niň agza-döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 28-nji mejlisi, ÝHHG-niň häzirki başlygy, Şwesiýanyň Daşary işler ministri A.Lindeniň baştutanlygynda geçirildi.

Mejlisiň işine ÝHHG sebitiniň döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary we Hemişelik wekilleri, şol sanda Türkmenistanyň wekiliýeti, şeýle hem 10 sany hyzmatdaş-ýurtlaryň wekiliýetleri hem gatnaşdylar.

Mejlisiň dowamynda ÝHHG-niň agza-döwletleriniň howpsuzlyk meseleleri, ýaragly çaknyşyklaryň öňüni almak, milletara howplara garşy göreşmek, daşky gurşawy goramak ugrunda hyzmatdaşlyk, gender deňligi we beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy öz çykyşynda Guramanyň alyp barýan işleri bilen bagly meseleler boýunça Türkmenistanyň garaýyşlaryny beýan etdi. Şunuň bilen birlikde, ýokary derejedäki özara ynanyşmagyň ýokarlandyrylmagy we dürli medeniýeti we siwilizasiýasy bolan halklaryň arasynda gatnaşyklaryň, gepleşikleriň ösdürilmegi ÝHHG-niň çäklerinde howpsuzlygy ýeterlik derejede saklamakda möhüm görkeziji bolup durýandygy bellenildi. Bu ugurda türkmen tarapy Şwesiýanyň başlyklyk etmeginiň dowamynda ÝHHG-de gatnaşyklaryň we özara ynanyşmagyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen tagallalaryny goldaýandygyny nygtady.

Türkmen tarapy Owganystanda parahatçylygy saklamak boýunça prosesiň we ýurtda ýagdaýlary durnuklylaşdyrmagyň kabul ederlikli ýollarynyň gözlegi boýunça gepleşikleriň dowam etdirilmeginde halkara jemgyýetçiliginiň tagallalarynyň birleşdirilmeginiň wajypdygyny bellemek bilen, Owganystana ynsanperwer kömegini bermegi mundan beýläk hem dowam etmäge taýýardygyny nygtady.

Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 28-nji mejlisiniň netijeleri boýunça Konsensus esasynda howpsuzlyk we durnuklylyk meselelerine degişli ÝHHG-niň Strategiýasyny, ÝHHG-niň netijeliligini ýokarlandyrmak meselelerinde Guramanyň esasy çemeleşmelerini, şeýle hem Guramanyň işiniň beýleki wajyp ugurlaryny kesgitleýän degişli çözgütler kabul edildi.

 

Ýanwar-noýabr aýlary: daşary syýasatda edilen işler

Ýene-de okaň

Aşgabadyň 103 ýaş­ly ýaşaýjysy Fat­ma Ak­pe­ro­wa­

BMG-niň Baş sekretary gyrgyz-täjik ylalaşygyna ýokary baha berdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasynyň Utgaşdyryjy komitetiniň mejlisine gatnaşdy

Täjigistan bilen Gyrgyzystan döwlet serheti boýunça şertnama gol çekdiler

Ata Watan Eserleri

Özbegistan bilen Fransiýa strategik hyzmatdaşlyk jarnamasyna gol çekdi

Tramp Konor Makgregoryň janköýeri