DÜNÝÄ

Türkmenistan YHG-niň Gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisine gatnaşdy

Tähran şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza ýurtlarynyň Gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň 10-njy mejlisi geçirildi.

Mejlisiň işine agza ýurtlaryň Gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylary, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýolbaşçysy Maksat Hudaýkulyýew, şeýle-de, Eýran Yslam Respublikasynyň ýokary derejeli hünärmenleri, halkara we sebit guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Çärä gatnaşyjylar gurama agza ýurtlaryň arasynda sebitara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini, şol sanda sebitleýin söwdanyň dolanşygyny ýeňilleşdirmek we gümrük amallaryny döwrebaplaşdyrmak meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň wekiliýeti çykyşynyň dowamynda Gümrük ulgamynda sebit ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça derwaýys meseleleri we başlangyçlary beýan etdi.

Mejlise gatnaşyjylar onda gazanylan ylalaşyklaryň sebitara arabaglanyşygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine we halkara ýükleriniň geçişinde ösüşleriň gazanyljakdygyna ynam bildirdiler.

Mundan başga-da, iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdi. DuşuşykdaTürkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük müdirliginiň arasynda hyzmatdaşlygyň geljekde çuňlaşdyrylmagy we giňeldilmegi boýunça bilelikdäki çäreleriň Meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi hem-de göz öňünde tutulýan çäreleri durmuşa geçirmegiň meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Mejlisiniň Başlyklary duşuşdy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň parlament ýolbaşçylarynyň duşuşygy

Türkmenistan bilen Russiýa parlament gatnaşyklaryny ösdürýär

Saud Arabystanynyň wekiliýeti Awaza geldi

Ermenistanyň Prezidenti we Nepalyň Premýer-ministri Türkmenbaşa geldi

Ata Watan Eserleri

Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy Türkmenistana geler