Ýaponiýanyň «Sony Corporation» kompaniýasynyň baş dolandyryjysy Toşihiro Takami Türkmenistanyň teleýaýlymlary bilen ýaýlyma goýberiş işini 4K görnüşine geçirmek babatda hyzmatdaşlyk etmegi maksat edinýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetine beren beýanatynda belläp geçdi.
Ol bu barada şeýle diýdi:
– Kompaniýamyz Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen birnäçe ýyldan bäri ýygjam gatnaşyklary saklaýar. Hyzmatdaşlyk ýyllarynda bu düzüm üçin ýaýlyma goýberiş ulgamyna degişli dürli enjamlar bilen üpjün etmek babatda hyzmatlarymyzy hödürledik. Türkmen wekiliýetiniň Ýaponiýa şu gezekki saparynyň çäginde gol çekilen özara düşünişmek hakynda Ähtnama bolsa 2027-nji ýyla çenli niýetlenen uzak möhletleýin taslamadyr. Şonuň bilen birlikde, ýurduň ilkinji «akylly» şäheri bolan Arkadag şäherinde-de goşmaça taslamany durmuşa geçirmek boýunça gepleşikleri geçirip başladyk. Ýakyn geljekde biz bu ugurda degişli ylalaşygy gazanyp bileris diýip tama edýäris. Öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň wekilleri bilen geçirilen nobatdaky duşuşyk bilelikdäki işleri ara alyp maslahatlaşmak, geljek üçin anyk ugurlary kesgitlemek babatda ajaýyp mümkinçilik boldy.
Häzirki wagtda tutuş dünýäde ýaýlyma goýberiş işi 4K görnüşine geçip başlady. Bu çözgüt şu günlerde giňden ulanylýan Full HD formatyndan 4 esse köp piksel hödürläp, ekrandaky şekilleri has dury görkezmäge şert döredýär. Şoňa görä, «Sony» kompaniýasy hem telewizorlarda Full HD formatyndan 4K görnüşine geçmek üçin iş alyp barýar. Bu ugurda esasy taslamany işläp düzüp, ony diňe bir enjamlaşdyrmakda däl, eýsem, degişli ylmy gözlegleri geçirmekde-de peýdalanmak isleýäris. Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen gol çekilen Ähtnamanyň çäginde türkmen hünärmenleri üçin hem bu ugurda tälim beriş okuwlaryny geçirmegi maksat edinýäris.
