DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen «TRT Avaz» teleýaýlymy hyzmatdaşlygyny giňeltmegi maksat edinýär

2025-nji ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçisi M.Işangulyýew «TRT Avaz» teleýaýlymynyň başlygy Ýüjel Kylyçkaýa bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen «TRT Avaz» teleýaýlymynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini bellemek bilen, gatnaşyklary ulgamlaýyn esasda ösdürmäge bolan ymtylmasyny beýan etdiler.

BMG-iň Baş Assambleýasynyň kararnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçiriljek halkara ähmiýetli çärelere aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylda şanly 30 ýyllygy giňden bellenilýän Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýeti hem aýratyn bellenildi.

Bu ugurda, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilip geçilmegi hem-de «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» mynasybetli ýörite telegepleşikleriň we rubrikalaryň taýýarlanylmagy boýunça pikirler alyşyldy.

Ýene-de okaň

Indoneziýa Türkmenistana täze ilçi belledi

ÝB-Türkmenistan: birinji işewürler forumy geçiriler

Metbugat duşuşygy: «Aşgabat – Tbilisi: pikirleriň we täze mümkinçilikleriň arasyndaky janly köpri»

Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ykjam goşundysy işe girizildi

Baş Sekretar Türkmenistanyň hemişelik wekiliniň ynanç hatyny kabul etdi