DÜNÝÄ

Türkmenistan we OPEK Gaznasy hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar

OPEK Halkara ösüş gaznasynyň prezidenti doktor Abdulhamid Al-Halifa Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahimberdi Jepbarow bilen duşuşyp, ýurt hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (CPF) çäklerinde hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy diýip, Gazna öz jemgyýetçilik torlarynda habar berýär.

2024-nji ýylda gol çekilen bu giň möçberli bäş ýyllyk ýol kartasy Türkmenistanda durnukly ösüşi üpjün etmek ugrunda bilelikdäki tagallalaryň esasy ugurlaryny kesgitleýär.

OPEK Gaznasy 1999-njy ýyldan bäri Türkmenistanyň hyzmatdaşydyr we ulag, saglygy goraýyş, suw üpjünçiligi hem-de sanitariýa ýaly möhüm ugurlarda özgertmelar taslamalaryna goldaw berýär.

Ýurtlaýyn hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň çäklerinde ulag, senagat, aragatnaşyk, saglygy goraýyş we bank işi ýaly ugurlara gönükdirilen giň möçberli bäş ýyllyk hyzmatdaşlyk ýol kartasyny öz içine alýar. Bu maksatnama daşky gurşaw boýunça taslamalary maliýeleşdirmek, zenanlaryň we ýaşlaryň inkliuziw ösüşi hem-de kiçi we orta telekeçiligi maliýeleşdirmek ýaly ugurlara aýratyn üns berýär.

Ýene-de okaň

Parižde Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň medeni-sazly agşamy geçirildi

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi

Türkmenistanyň we Gruziýanyň alymlary bilelikde milli golýazmalary öwrenmäge başladylar

Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy mini-futbol ýaryşyny gurnady

Täze Zelandiýada ahalteke atlaryny ösdürmek ýetişdirmekde tagallalar edilýär

Yragyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň wekili bilen duşuşyk