BIZNES

Türkmenistan-BAE: port düzümini ösdürmek babatda hyzmatdaşlyk eder

Türkmen wekiliýetiniň Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen “Abu Dhabi Ports” toparynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Resminama ulag düzümleriniň we hyzmatlarynyň ösdürilmegine, täze iş orunlarynyň ornaşdyrylmagyna, oňdebaryjy sanly tehnologiýalary girizmegiň hasabyna portlaryň netijeliligini artdyrmaga gönükdirilen täze bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirmäge ýardam bermäge hyzmat eder.

Ähtnama gol çekmek dabarasy Türkmenistanyň BAE-däki ilçihanasynyň binasynda geçirildi.

Türkmen wekiliýeti saparynyň dowamynda, şeýle hem ulag kompaniýalarynyň we döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi, şolaryň hatarynda Raýat awiasiýasynyň baş dolandyryş edarasy, “Etihad Technic” we “Etihad Rail” bar.

Gepleşiklerde hyzmatdaşlygyň, şol sanda uçarlara tehniki taýdan hyzmat etmek, Türkmenistanyň BAE-däki Ulag-logistika merkeziniň wekilhanasy bilen özara hereket etmek babatda hyzmatdaşlygyň mümkin bolan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Türkmenistanyň hem-de BAE-niň arasynda yzygiderli gatnawlary artdyrmak meselesine deglip geçildi.

Ýene-de okaň

“EKSPO-2027”: “Türkmenistan-parahatçylygyň owazy, saglygyň mekany” diýen şygar bilen gatnaşar

2026-njy ýylda Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda iri taslamalary durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda ýasy ýaprakly senna tohumyndan kofe taýýarlandy

Türkmenistanda iki aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Tejen şäherinde döwrebaplaşdyrylan awtomenzil ulanylmaga berildi

Hytaý milliarderleriň sany boýunça ýene-de dünýä lideri boldy