Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2023-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde öz işine başlajak nobatdaky 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary barada hasabat berdi.
Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek Milletler Bileleşigi bilen özara gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda Türkmenistan BMG-niň Ykdysady we Durmuş meseleleri boýunça departamenti bilen bilelikde degişli işleri geçirer. Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek babatda ýurdumyz tarapyndan ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen Kararnamany kabul etmek, şeýle hem ulaglaryň ähli görnüşiniň arasynda arabaglanyşygy berkitmek boýunça Kararnamanyň taslamasynyň üstünde işlemek teklip ediler.
Ýurdumyzyň başlangyjy bilen 26-njy noýabryň “Bütindünýä durnukly ulag güni” diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistan Aşgabat prosesiniň çäklerinde durnukly ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Baş Assambleýanyň nobatdaky sessiýasynyň çäklerinde ýokary derejeli maslahaty geçirmek baradaky teklibi öňe sürer.
Ekologiýa ulgamy ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň edaralary bilen bilelikde amala aşyrýan hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu ugurda Türkmenistan Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalaryň sebit merkezini döretmek baradaky teklibini iş ýüzünde amala aşyrmagy dowam etdirer. Ählumumy metan borçnamasynyň çäklerindäki tagallalara goşant hökmünde türkmen tarapy BMG-niň howandarlygynda 2030-njy ýyla çenli parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça ählumumy Strategiýany işläp düzmegi teklip eder. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan tarapyndan “Hazar ekologik başlangyjy” hem-de baş edarasy Aşgabat şäherinde ýerleşýän Merkezi Aziýa ýurtlarynda suw serişdelerinden peýdalanmagyň meseleleri boýunça BMG-niň Geňeşini döretmek baradaky teklip beýan ediler.
Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasynyň kabul edilmeginiň 75 ýyllygy hem-de Wena jarnamasynyň we Hereketler maksatnamasynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistan BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirligi bilen bilelikde degişli çäreleri geçirmegi meýilleşdirýär.
