DÜNÝÄ

Türkmenistan-Türkiýe: söwda dolanyşygy 5 milliard dollara ýetiriler

Türkmenistana döwlet sapary bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan resmi dabara bilen garşylandy.
“Oguzhan” köşkler toplumynda ýokary derejede gepleşikler geçirildi.
Gepleşiklerden soňra iki ýurduň arasyndaky döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga goşant goşjak täze ylalaşyklara gol çekildi. Bu barada Türkiýäniň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.
Gol çekişlik dabarasyndan soňra çykyş eden Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan
“Ata Watanymyz bolan Türkmenistana gelendigime örän şat. Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny ýene bir gezek gutlaýaryn. Türkiýe Türkmenistanyň garaşsyzlygyny ykrar eden ilkinji ýurt.” -diýip belledi.
SÖWDA DOLANYŞYGYNY 5 MILLIARD DOLLARA ÇYKARARYS
Türkiýäniň Prezidenti Aşgabatda geçirilen ýokary derejedäki gepleşiklerde söwda dolanyşygynyň möçberini 5 milliard dollar ýetirmek babatda tagalla etmek boýunça ylalaşylandygyny belledi.
Türkmenistan bilen baglaşylan bilelikdäki beýanatyň 9 maddadan ybarat bolup durýandygyny bellän, mundna beýläk-de Türkmenistan bilen gatnaşyklary ösdürmäge taýýardyklaryny belledi.
Prezidenti Ärdoganyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň düzüminde energetika we tebiry serişdeler ministri Fatih Dönmez, goranmak ministri Hulusi Akar, bilim ministri Mahmut Özer, oba hojalyk we tokaý ministri Bekir Pakdemirli, ulag we infrastruktura ministri Adil Karaismailogly, söwda ministri Mehmet Muş, Prezidentiň edarasynyň aragatnaşyk boýunça ýolbaşçysy Fahrettin Altun we Prezidentiň edarasynyň metbugat sekretary Ibrahim Kalyn bar.
Iki günlük saparyň çäginde Rejep Taýyp Ärdoganyň 28-nji noýabrda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna  agza döwletleriň baştutanlarynyň 15-nji sammitine gatnaşar.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/yhg-nin-ministrler-genesinin-25-nji-mejlisinin-dususygy/

Ýene-de okaň

Merkezi Aziýa – Aýlagdaky arap ýurtlarynyň duşuşygyna taýýarlyk görülýär

Ermenistan Türkmenistanyň tebigy gazyny almaga gyzyklanma bildirýär

Rigada türkmen-latwiýa syýasy geňeşmeleri geçirildi

Özbegistan dünýäniň iň kiçi ýurdy bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy

Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň saglyk we sosial goraýyş ministri bilen duşuşygy

Türkmenistan Tbilisi şäherinde Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy