DÜNÝÄ

Türkmenistan-Türkiýe: haryt dolanyşygy 2 milliarda golaýlady

Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral 2021-nji ýylyň jemlerine bagyşlap, ýerli we daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda metbugat brifingini geçirdi.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň hem çagyrylan metbugat brifinginde 2021-nji ýylda Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň okgunly ösüş depginine ýokary baha beren ilçi Togan Oral geçen ýyl iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň 1 milliard 911 million dollara deň bolandygyny, degişli döwürde Türkmenistanyň Türkiýä eksportunyň 50 göterim, Türkiýäniň Türkmenistana eksportunyň bolsa 27,2 göterim artandygyny belledi.

Togan Oral iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmeginde türkmen-türk hökümetara toparynyň mejlisine uly orun degişlidigini belläp, şertleriň emele gelmegi bilen bu hökümetara toparyň mejlisini geçirmegiň göz öňünde tutulýandygyny, munuň üçin Türkiýäniň Prezidentiniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň geljekdigini belledi.

2021-nji ýylda amala aşyrylan ýokary derejedäki saparlaryň hem ähmiýeti barada belläp geçen ilçi Togan Oral Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Stambul şäherinde geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň sammitine gatnaşandygyny, bu saparyň yzysüre – 2 hepdeden soňra Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet saparynyň amala aşyrylandygyny belledi.

Metbugat brifinginde Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynda täze işe başlan metbugat attaşesi Haýrettin Bektaş hem tanyşdyryldy. Ol hem metbugat ýygnagyna gatnaşan kärdeşlerini işjeň hyzmatdaşlyga çagyryp, Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet saparynyň çäklerinde metbugat ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin 3 sany möhüm ylalaşyga gol çekilendigini belledi.

Şeýle hem metbugat brifinginde “Teknofest-2022” tehnologiýa bäsleşigine hem-de “Türkiýäniň talyp haklary” meýilnamasyna kabul edişlikleriň başlanandygy habar berildi.

Mundan başga-da, metbugat ýygnagynda Türkiýäniň adynyň dürli dillerde atlandyrylmagynyň öňüni almak maksady bilen ýola goýlan kampaniýa barada hem durlup geçildi. Mundan beýläk ýerli we halkara derejesinde marka hökmünde Türkiýe Respublikasynyň adynyň “Türkiye” diýlip atlandyrylmagy maksat edinildi.

 

Türkiẏäniň talyp haklary» meẏilnamasyna kabul edişlik başlaẏar

 

Ýene-de okaň

Trampdan türk asylly lukmana teklip

Ata Watan Eserleri

Özbegistanda Abdulla Aripow täzeden Premýer-ministr boldy

Türkmenistanyň has howpsuz geljegini gurmakda ýaşlaryň işjeň gatnaşmagy

Braziliýada “G20” sammiti geçirilýär

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogynyň jemleýji maslahatyna gatnaşdylar

Türkmenistanyň daşary ýurt ilçihanalarynda metbugat attaşesi wezipesi dörediler