DÜNÝÄ

Türkmenistan Türkiýedäki çagalara ynsanperwer kömegini iberýär

Türkmenistanyň Hökümeti Türkiýe döwletine goşmaça kömekler iberer. Bu barada şu gün geçirilen Miistrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde bellenilip geçildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan Türkiýe Respublikasynyň çagalaryna ynsanperwer kömegini bermek maksady Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, Dokma senagaty ministrligine, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine we Türkmenistanyň Gyzyl ýarymaý milli jemgyýetine degişli derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri, harytlary hem-de azyk önümlerini ynsanperwer kömek hökmünde Türkiýe Respublikasyna muzdsuz bermek tabşyryldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň mejlisinde eden çykyşynda doganlyk Türkiýe Respublikasyna zerur bolan kömegi bermegi dowam etdirjekdiklerini mälim etdi.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Hökümeti Türkiýe Respublikasynda bolup geçen güýçli ýertitreme zerarly ynsanperwer kömegini iberipdi.

Ýene-de okaň

Özbegistanyň Prezidenti ABŞ-a sapara barýar

Türkmen-eýran gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan bilen Tailand: migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Gazagystanda okuw maslahatyna gatnaşdy

Täjigistanda ýylyň şygaryna bagyşlanan dabara geçirildi

Ata Watan Eserleri

Köneürgenç etraby 2025-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy etrap diýlip yglan edildi